25/11/2026
15
«WATANSÖÝÜJILIGIŇ MEKDEBI» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda, Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynyň mejlisler zalynda, ýurdumyzyň ýaş ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabryndaky umumy okuw sapagynda öňe süren pikirlerini ýaş nesle ýetirmek maksady bilen , «Watansöýüjiligiň mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistranty, ýaş şahyr Süleýman Haýdarow alyp bardy. Şeýle-de onda «Nesil» gazetiniň öz habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ýaş şahyr Gurbansähet Gurbansähedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby,Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş şahyr Ýusup Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyplary täsirli çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylaryň arasynda özara pikir hem sowal-jogap alşylmagy çäräniň täsirliligini artdyrdy. Şeýle pursatlar döredijilik adamlary bilen okyjylaryň arasynda ruhy ýakynlygy emele getirip, edebiýata bolan gyzyklanmanyň has-da artmagyna şert döredýär.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda bolsa ýaş şahyrlar hem-de talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara berýän goldawlary we edýän aladalary üçin sagbolsunlaryny beýan etdiler.
Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby