Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • 35 Years of Independence Turkmenistan's Economic Achievements and New Horizons of International Cooperation.
        • THE INSTITUTE OF NEUTRALITY THE SIGNIFICANT ROLE OF THE INSTITUTE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING THE SYSTEM OF INTERNATIONAL LAW
        • Ecological Diplomacy in Action Turkmenistan’s Priorities for Climate Resilience and Green Transition
        • Bridges of Peace The Evolution of Turkmenistan’s Cultural and Educational Relations in the Era of Independence.
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Бишкек-2026. Качественная эволюция ШОС
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    08/09/2026

    105

    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, talyp ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, olaryň jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmeklerini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, hukuk bozulmalarynyň hem-de jenaýatçylygyň öňüni almak, şeýle-de milli ahlak ýörelgelerine ygrarly, watansöýüji we giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
    Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kerimguly Berdiýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 3-nji derejeli ýurist Hezretali Annaberdiýew, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi Dünýä Gurbangeldiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Bibiaýşa Saparowa, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýew hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew çykyş etdiler.
    Şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň podpolkownigi Juma Pygyýew, 4-nji müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýew, Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Serdar Akmämmedow, Derňew müdirliginiň işgäri Azat Saparjaýew, Jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirliginiň 2-nji bölüminiň müdiri Mekan Baýjanow, Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýew hem-de Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 7-nji bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Toýly Baýramow çykyş etdiler.
    Çykyş edenler ýaşlaryň hukuklary we borçlary, kanunyň hökmürowanlygy, jemgyýetçilik tertibini goramak, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, jenaýatlaryň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, internet ulgamyndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden jogapkärli peýdalanmak, ýangyn howpsuzlygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri, milli terbiýe, zähmet we jemgyýetçilik işjeňligi ýaly möhüm ugurlar boýunça giňişleýin gürrüň berdiler. Her bir ugur boýunça durmuşdan alnan mysallar getirilip, talyp ýaşlara peýdaly maslahatlar berildi.
    Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly we kanuna hormat goýýan şahsyýetler bolup ýetişmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda talyplaryň sowallaryna degişli hünärmenler tarapyndan giňişleýin jogap berildi.
    Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň döwrebap bilimli we hemmetaraplaýyn kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Jennet EMINOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    AHALTEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANYP «TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI surady

    08/09/2026

    AHALTEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANYP «TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    05/09/2026

    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI surady

    01/09/2026

    BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI