22/02/2025
75
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň
Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň
Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäräniň maksady 2025-
nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we
gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we
jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
güýçlendirmekden, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny
gazanmakdan, hukuk sowatlylygyny artdyrmakdan hem-de ýaşlaryň hukuklaryny
we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga,
jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri
durmuşa geçirmekden we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-
dessurlarymyzy giňden wagyz etmekden ybarat.
Bu wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş
Prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat
şäher saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleri galp maglumatlary ýaýratmak,
rugsady çäklendirilen elektron maglumat çeşmelerini bikanun ýaýratmak,
maglumatlary bikanun ýok etmek barada çykyş etdiler.
Muhammetaly ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.