12/06/2023
927
UMMANDA GÄMI ÝÜZSE...
Ähli ulag görnüşleriniň arasynda adamzadyň taryhynda we ösüşinde iň köp yz galdyrany suw ulagydyr. Gämi adamyň oýlap tapan ulag görnüşleriniň arasynda iň gadymysy bolup durýar. Ulagyň bu görnüşi bilen gündelik durmuşda adamlar kän gabatlaşmaýan bolsalar hem, gämileriň adam durmuşyna edýän täsiri uludyr. Sebäbi alys ülkelerden islendik ýurda getirilýän zatlaryň ählisi diýen ýaly gämi bilen daşalýar.
Suw ulagy täze yklymlaryň açylmagyna, şeýle hem yklymlaryň arasynda söwdanyň ýola goýulmagyna giň mümkinçilik berdi. Indi adamzadyň diňe ýerli tebigy baýlyklardan däl, eýsem tutuş planetanyň baýlyklaryndan peýdalanmagyna ýol açyldy. Özem suw ýoly.
Howa ýollarynyň döremeginden ozal, halkara ýolagçy gatnawynda hem suw ulagy ýörgünlidi. Häzir bolsa adamlar gämä, köplenç, dynç almak maksady bilen münýärler. Ýük gatnawy barada aýtsak, häzirki döwürde gämileriň kömegi bilen harytlaryň dolanyşygynyň 80 göterimi amala aşyrylýar.
Suwüsti gatnawlary arkaly islendik agramly ýüki daşamak mümkindir. Şeýle bolansoň, dürli ululykdaky gämilerdir tankerlerde kömür, sement, nebit, suwuklandyrylan tebigy gaz ýaly göwrümi, gabarasy, agramy... boýunça dürli ýükler yklymlaryň çar künjegine ýaýraýar. Galyberse-de, deňiz flotiliýasy ulag görnüşleriniň arasynda iň arzany bolup durýar. Häzirki döwürde refrižerator, ýagny sowadyjy konteýnerleriň kömegi bilen harytlary zaýalanmazdan, suwuň üsti bilen alyp gitmek mümkinçiligi bar. Suw ulagynda çykdajynyň köp ýeri onuň gatnaw üçin bahasy däl-de, edil demir ýollarda bolşy ýaly, infrastrukturasy bolup durýar.
Suw ulagy deňiz ýollaryndan we derýa ýollaryndan ybaratdyr. Suwüsti söwdanyň esasy bölegi deňiz ýollary arkaly döreýär. Derýa ýollarynyň esasy artykmaçlygy olaryň üsti bilen deňze, soňra ummanlara çykyp, dünýä söwdasynyň «meýdanyna» goşulyp bilmek mümkinçiligidir. Şeýle hem derýa ýollary ýurtlaryň içinde dürli harytlaryň hereketi üçin amatly ulag görnüşidir.
Barha globallaşýan häzirki zaman dünýäsinde halkara söwdanyň ösmegi hökmany suratda suw ulagynyň kämilleşmegine gönüden-göni baglydyr. Halkara söwdanyň ösmegi bolsa gämileriň ulalmagyna, täze tehnologiýalaryň we deňiz ýollarynyň emele gelmegine getirýär.
XIX asyryň ortalarynda bug hereketlendirijisiniň işe girizilmegi bilen, deňiz söwdasy uly depginler bilen ösüp başlady. Çünki indi gämileriň ýöreýşi şemala bagly däldi.
1869-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Gyzyl we Ortaýer deňizlerini birikdirýän Sues kanalynyň ulanylmaga berilmegi XIX asyr deňiz söwdasyny ösüş ýoluna saldy. Umumy standartly konteýnerleriň ulanylyp başlanmagy bilen, deňiz söwdasynda uly öňegidişlik başlandy. Şondan öň gelen ýüki düşürmek gaty köp wagt alýardy. Soň bolsa ýükleri tiz wagtda hem-de ýeňillik bilen ulagyň bir görnüşinden başga bir görnüşine geçirip bolýar. Ýükleriň konteýnerlerde daşalyp başlanmagy harytlaryň howpsuzlygyna-da gowy täsirini ýetirdi. Konteýnerleşme diňe suw ulagynda däl, eýsem umumylykda alanyňda, ulag ulgamynda uly öňegidişlik hasaplanýar.
Gämiler suw ulagynyň esasy düzüm bölegi bolup durýarlar. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) habar bermegine görä, 2023-nji ýylda dünýäniň söwda flotunyň umumy möçberi 1,5 million tonna deň bolan 119 müň töweregi gämiden ybarat boldy. Gämileriň uly bölegi bolsa Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň we Ýaponiýanyň portlaryna degişlidir.
Ilki kürek, soňra ýelken, gezeginde bug, ýangyç, gaz turbinaly we atom hereketlendirijileri bolan gämiler häzirki dünýäniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň birine öwrüldi. Şeýdip, ýönekeý gämiler müňlerçe ýyllap özgerip, häzirki kämil derejesine ýetdiler. Häzirki döwürde gämileriň dürli maksatlar üçin peýdalanylýan ençeme görnüşleri bar.Gämileriň ulanylýan esasy görnüşleri şulardan ybarat:
1. Konteýner ýük gämileri — standartlaşan konteýnerleri (ISO-konteýnerleri) daşamak üçin ulanylýan gämiler;
2. Tanker — nebit we suwuklandyrylan tebigy gaz ýaly çig mallary, şeýle hem himiki senagat, agyz suwy hem-de suwuk önümleri daşamak üçin ulanylýan gämiler;
3. Balker — sement, däne, kömür, magdan ýaly ürgün ýükleri daşamaga ýöriteleşen
gämiler;
4. Rolker (ro-ro gämileri) — ulaglar, demir ýol wagonlary ýaly tekerli ýükleri daşamak üçin ulanylýan gämiler;
5. Refrižerator gämileri — çalt zaýalanýan ýükleriň daşalmagy üçin niýetlenen gämiler.
Bulardan başga-da, ýükleriň aýratyn görnüşlerine ýöriteleşen hem-de islendik görnüşli ýük daşap bilýän gämiler hem bar. Deňiz söwdasynyň 30 göterimi tankerleriň, 26 göterimi gury ýük gämileriniň, 24 göterimi bolsa konteýner gämileriniň paýyna düşýär.
Ulag ulgamynda wajyp bolan gämileriň häsiýetnamalary gäminiň dedweýti (gäminiň göterip biljek ýüküniň iň uly agramyna gäminiň dedweýti diýilýär) we ululygy bolup durýar.
Gämileriň durmagy, hyzmat edilmegi we bejerilmegi, şeýle hem getirilen harytlaryň düşürilip, başga ulaglaryň üsti bilen gerek ýerlerine alnyp gidilmegi üçin portlaryň zerurdygy düşnüklidir. Portlar taryhda wajyp strategik ähmiýete eýe bolup gelipdirler. Portlaryň köp iş orunlaryny döredýändigi üçin, olar ýerli ykdysadyýete hem uly peýda getirýär.
Häzirki döwürde iň iri portlar Aziýada ýerleşýär. Olara dünýäde iň uly iş agramy bolan Hytaýyň Ninbo, Şanhaý portlaryny we Singapur portuny degişli edip bolar. Singapuryň wajyp deňiz ulag geçelgesiniň ýanynda ýerleşmegi ýurduň ykdysady ösüşinde bolan uly öňegidişliklere ýol açdy. Niderlandlardaky Rotterdam porty hem Ýewropanyň iň iri porty bolup durýar.
Portlar barada aýdylanda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty buýsanç bilen bellenip geçilmäge mynasypdyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) söwda ýolunda ýerleşip, Aziýa bilen Ýewropany birikdirmekde uly ähmiýeti bolan portdur. Bu portuň gurulmagy Türkmenistanyň deňiz flotunyň ösüşiniň wajyp bölegi boldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ISO halkara ölçeglerine gabat gelýän, ýylda millionlarça tonna ýük we 300 müň ýolagçy kabul etmäge mümkinçiligi bolan, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan taslamadyr. Portuň ulgamyndaky «Balkan» gämi gurujy we gämi bejeriji zawody Türkmenistanyň deňiz flotuny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Portlaryň esasy häsiýetnamasy olaryň ýük geçirijilik ukyby bolup durýar. Meselem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük geçirijilik ukyby bir ýylyň dowamynda nebit önümlerini hasaba almazdan, 17 million tonna barabardyr.
Ýük gatnawy üçin ýol saýlanylanda, olaryň uzynlygyny boldugyndan gysgaltmak zerurdyr. Adamzat hemişe amatly ýollary saýlap gelipdir, amatly ýollar bolmadyk ýagdaýynda bolsa bu ýollary özi açypdyr. Şeýle ýollara Sues kanalyny degişli etse bolar. Kanal Atlantik bilen Hindi ummanynyň demirgazyk böleklerini Afrika yklymynyň daşyndan aýlanyp geçmezden, birikdirmäge mümkinçilik döredýär. Ençeme hökümdarlar bu kanaly çekmegiň ýoluny gözläpdirler. Çünki oňa eýe bolmak strategik taýdan ägirt uly artykmaçlykdyr. Sues kanalyndan günde 100-e golaý gämi geçýär. Häzirki döwürde kanal ençeme söwda ýollarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle wajyp geçelgeleriň hataryna Panama kanalyny hem degişli etse bolar. Bu kanal häzirki zaman dünýäsiniň ýedi täsinligine degişli edildi. Sues kanaly Afrika yklymynyň daşyndan aýlanmazlyga mümkinçilik berýän bolsa, Panama kanaly Ýuwaş we Atlantik ummanlaryny Günorta Amerikanyň daşyndan aýlanmazdan, birikdirmäge mümkinçilik berýär. Onuň geçirijilik ukyby günde ortaça 48 gämä deňdir.
La-Manş bogazy dünýäde iň gatnawly deňiz söwda ýoly bolmak bilen, ondan günde 500-e golaý gämi geçýär. Bu bogaz Demirgazyk deňzi bilen Atlantik ummanyny birikdirýär.
Malakka bogazy Hindi we Ýuwaş ummanlaryny birikdirýän esasy ýol bolmak bilen, wajyp söwda ýoly bolup durýar. Bosfor we Ormuz bogazlary hem halkara deňiz söwdasynda wajyp geçelgelerdir.
Deňiz söwdasynyň möçberiniň artýan döwründe geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ulaltmak wajyp meselä öwrüldi. 2015-nji ýylda Panama kanalyny giňeltmek boýunça işleriň tamamlanmagy bu ugurda gazanylan üstünlikleriň ýene bir mysalydyr.
Halkara deňiz söwdasynyň göwrüminiň köpelmegi hem-de ýygjamlaşmagy bilen baglylykda halkara deňiz söwda gatnawlaryny kadalaşdyrmak, deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny, adam janynyň goraglylygyny üpjün etmek, deňiz ulgamy boýunça halkara konwensiýalary, kodeksleri, rezolýusiýalary, teswirnamalary, maslahatlary işläp taýýarlamak we deňiz ulgamy babatda döwletleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak talaby barha äşgär ýüze çykýar. Şoňa görä 1948-nji ýylda BMG-niň gämi gatnawyna jogapkär bolan ýörite agentligi — Halkara Deňiz Guramasy (IMO) döredilýär. Onuň ştab-kwartirasy Londonda ýerleşýär. Ýokarda agzalan çäreleriň hemmesi bu guramanyň wezipelerinden ugur alýar. Häzirki wagtda bu guramada 175 döwlet agza ýa-da assosirlenen agza bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustynda bu gurama agzalyga kabul edildi. Ýewropa deňiz howpsuzlyk agentligi hem deňiz ulagy babatda abraýly guramalaryň biridir.
Şeýlelik bilen, suw ulagy ugurdaş görnüşleriň arasynda iň gadymysy bolsa-da, häzirki döwürde ykdysadyýetiň möhüm bölegine öwrüldi. Gämilere «Tebigatyň beren ulagy» diýsek hem ýalňyşmarys.
Garaşsyz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň suw ulag ulgamyny ösdürmek, ýük, ýolagçy flotuny giňeltmek we döwletler bilen ulag ulgamynda, şol sanda deňiz ulagynda hem hyzmatdaşlygy ýola goýmak, barha berkitmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ulag we logistika pudagyna degişli halkara forumlar we sergiler geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň Ýer ýüzüniň logistika pudagyna goşýan goşandynyň halkara giňişligi tarapyndan doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.
Çeşme şu ýerden alnan:
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI