30/11/-0001
565
Ulag diplomatiýasynyň möwsümleýin okuwy
Häzirki döwürde ulag ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde «Ulag diplomatiýasy» ugruna degişli ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuw sapaklary ýokary derejede geçirildi. Bu merkezde «Dünýäni bitewileşdirýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ideýasy Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir», «YHG-niň agza döwletleriniň ulag-aragatnaşyk geçelgelerini deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň portlaryny ulanmak arkaly açyk suwlara (halkara deňiz portlaryna) çykalgasyny ýeňilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti», «Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe» ulag geçelgesiniň ähmiýeti», «Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Omar – Katar» ulag-üstaşyr geçelgäniň mümkinçilikleri», «Kerki – Ymamnazar – Akina – Andhoý, Serhetabat – Turgundy» halkara demir ýollarynyň mümkinçilikleri», «Gazagystan – Türkmenistan – Eýran» demir ýolunyň söwda-ykdysady ähmiýeti» «Hazar deňzi – Gara deňiz» sebitara ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti» atly temalardan umumy we söhbet sapaklary ýokary derejeli hünärmenler we bilermenler tarapyndan geçirilip, bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça täsirli geçen fakultatiw okuw sapaklaryna işjeň gatnaşan diňleýji talyplara ýörite Şahadatnamalar gowşuryldy.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.