Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ulag diplomatiýasy / Ulag diplomatiýasy — türkmen-owgan gatnaşyklarynyň möhüm ugry
    Ulag diplomatiýasy — türkmen-owgan gatnaşyklarynyň möhüm ugry surady
    30/11/-0001

    1181

    Ulag diplomatiýasy — türkmen-owgan gatnaşyklarynyň möhüm ugry

    2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde (TDMUOM) Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bilen institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Ulag diplomatiýasy» boýunça duşuşyk geçirildi.
    Diplomat duşuşygyň dowamynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň çäklerinde gazanylan tejribe, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde öňde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Şeýle-de Ilçi Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary bar bolan mümkinçilikleriň esasynda mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler barada durup geçdi. Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň owgan halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmakda berýän goldawynyň goňşy döwletiň ýerli ilaty tarapyndan çuňňur minnetdarlyk bilen kabul edilýändigini aýratyn belledi. Ilçi Hoja Öwezow Türkmenistanyň Owganystandaky ykdysady ýagdaýy durnuklylaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki halkara taslamalara uly üns berýändigini belläp, olaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny mysal getirdi. Mundan başga-da, ulag-aragatnaşyk ulgamynda iki ýurduň arasynda giň mümkinçilikleriň bardygy bellenilip, bu ugurda Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy, Akina — Andhoý demir ýollarynyň, «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
    Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen Ilçä ýüzlenip, olara takyk we giňişleýin jogap aldylar.

    Mätgurban MÄTGURBANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY surady

    18/03/2025

    ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
    ULAG DIPLOMATIÝASY OKUW MERKEZINDE OKUW SAPAKLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILÝÄR surady

    01/03/2025

    ULAG DIPLOMATIÝASY OKUW MERKEZINDE OKUW SAPAKLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILÝÄR
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    26/12/2024

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI