Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
        • ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    13/06/2026

    23

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda uçurymlaryň baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem uçurym talyplaryň ata-eneleri gatnaşdylar.
    Baýramçylyk dabarasynda institutyň professor-mugallymlary, halypa diplomatlar gutlag sözleri bilen çykyş edip, uçurymlara ak ýol, uly üstünlikleri arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda uçurym talyplaryň ata-eneleri hoşallyk sözleri bilen çykyş etmekleri gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
    Ýeri gelende bellesek, şu okuw ýylynda uçurymlaryň 18-si ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlamagy başardylar. Dabaranyň dowamynda instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlan, şeýle-de jemgyýetçilik-syýasy we medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşyp, görelde görkezen uçurymlar Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
    Uly ruhubelentlige beslenip geçen dabarada uçurymlaryň talyplyk ýyllaryna degişli wideoşekilleriň görkezilmegi özboluşly tolgunmalary döretdi.
    Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň öňünde duran esasy wezipeleriň biri hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirjek, döwletimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu babatda institutda geçirilen uçurymlaryň baýramçylyk dabarasy möhüm ähmiýetli waka boldy.
    Baýramçylyk dabarasy joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlary, şeýle-de institutyň aýdym-saz we döredijilik toparynyň talyplary ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk dabarasynyň barşynda umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürüp, ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan, kämil ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

    Rasul ATAJANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi surady

    10/06/2026

    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI surady

    03/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
    «HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI» ATLY KARARNAMANYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI GEÇIRILEN MASLAHAT surady

    23/05/2026

    «HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI» ATLY KARARNAMANYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI GEÇIRILEN MASLAHAT
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI