Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy
    Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy surady
    02/06/2023

    1422

    Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde rowaçly ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini mähriban Watanymyzyň dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýanlygy hem aýdyň görkezýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem halkara giňişliginde Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýan abraýly halkara guramalarynyň biridir. Bu gurama dünýädäki iň uly sebit howpsuzlyk guramasy bolup, 57 ýurt onuň agzasydyr. Mälim bolşy ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýa döwletleri, şol hatarda Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistan bu gurama 1992-nji ýylda agza boldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde ÝHHG bilen Türkmenistan sebitde howpsuzlygy üpjün etmekde, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmekde, şeýle hem beýleki möhüm ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürip gelýärler. 2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen ÝHHG-nyň Baş sekretary H.Şmidiň arasynda duşuşyk geçirildi. Şol duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we döwletara ynam döretmek ýörelgeleri bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň halkara derejede giňden goldaw tapýandygy barada aýdyp, bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belläp geçmegi özara gatnaşyklara täze itergi berdi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidiň ýurdumyza sapar bilen geldi we onuň barşynda halkara ähmiýetli möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şol saparyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, anyk ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça möhüm çäreleriň zerurdy bellenildi. Şol saparyň dowamynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ÝHHG-niň binasy hem açylyp ulanylmaga berildi. Bularyň hemmesi Türkmenistan bilen ÝHHG-niň ysnyşykly gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine täze hil derejelerini berdi.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI