Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy
    Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy surady
    02/06/2023

    1423

    Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde rowaçly ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini mähriban Watanymyzyň dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýanlygy hem aýdyň görkezýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem halkara giňişliginde Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýan abraýly halkara guramalarynyň biridir. Bu gurama dünýädäki iň uly sebit howpsuzlyk guramasy bolup, 57 ýurt onuň agzasydyr. Mälim bolşy ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýa döwletleri, şol hatarda Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistan bu gurama 1992-nji ýylda agza boldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde ÝHHG bilen Türkmenistan sebitde howpsuzlygy üpjün etmekde, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmekde, şeýle hem beýleki möhüm ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürip gelýärler. 2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen ÝHHG-nyň Baş sekretary H.Şmidiň arasynda duşuşyk geçirildi. Şol duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we döwletara ynam döretmek ýörelgeleri bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň halkara derejede giňden goldaw tapýandygy barada aýdyp, bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belläp geçmegi özara gatnaşyklara täze itergi berdi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidiň ýurdumyza sapar bilen geldi we onuň barşynda halkara ähmiýetli möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şol saparyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, anyk ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça möhüm çäreleriň zerurdy bellenildi. Şol saparyň dowamynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ÝHHG-niň binasy hem açylyp ulanylmaga berildi. Bularyň hemmesi Türkmenistan bilen ÝHHG-niň ysnyşykly gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine täze hil derejelerini berdi.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI