Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ulag diplomatiýasy / «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT
    22/04/2024

    1311

    «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ATLY MASLAHAT

    2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekilleri, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, syýasatşynaslar, Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor - mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Kerimguly Geldiýewiň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Gulmet Penaýewiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Uçuşlaryň howpsuzlygynyň standartlary müdirliginiň ekolog-inspektory Laçyn Dädekowanyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Myrat Goşaýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýewiň çykyşlary we BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň alyp barýan ulag syýasaty we onuň halkara hyzmatdaşlygy, 2024-nji ýylyň 15-19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň taryhy ähmiýeti barada belläp geçdiler.
    Şeýle-de maslahat çäklerinde geçirilen «Durnukly ulag ulgamy: söwda-ykdysady gatnaşyklaryň daýanjydyr» atly tegelek-stolda degişli ugurlar boýunça sorag-jogap alyşmak görnüşinde dowam edip, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dürli ýyllarda kabul edilen köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen degişli kararnamalaryň ähmiýeti barada nygtadylar. Ýeri gelende bellesek, şol başlangyçlar esasynda 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda öňde goýulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde bellemek gerekdir.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

    Nazar MEREDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/82917/turkmenistanyn-dim-nin-halkara-gatnasyklary-institutynda-turkmenistanyn-ulag-diplomatiyasyny-osdurmek-babatynda-halkara-hyzmatdaslygy-atly-maslahat-gecirildi

    Soňky täzelikler

    ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY surady

    18/03/2025

    ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
    ULAG DIPLOMATIÝASY OKUW MERKEZINDE OKUW SAPAKLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILÝÄR surady

    01/03/2025

    ULAG DIPLOMATIÝASY OKUW MERKEZINDE OKUW SAPAKLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILÝÄR
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    26/12/2024

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI