Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň netijeli guraly
    Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny  ýola goýmagyň netijeli guraly
    Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny  ýola goýmagyň netijeli guraly
    Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny  ýola goýmagyň netijeli guraly
    Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny  ýola goýmagyň netijeli guraly
    Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny  ýola goýmagyň netijeli guraly
    19/05/2023

    1085

    Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň netijeli guraly

    Türkmenistanyň Prezidenti XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewiliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty amala aşyrmak bilen, dünýäniň ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň netijesinde, 2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi», 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny», 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda «Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty», 2018-nji ýylyň maý aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda «Beýik ýüpek ýoly–täze ösüşlere tarap», 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda «Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty», 2022-nji ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki» atly halkara maslahatlarynyň we forumlarynyň geçirilmegi netijesinde birnäçe resmanamalar kabul edildi. Şol resminamalaryň kabul edilmegi netijesinde, Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalary kabul edilmegi Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň netijeli guralydygynyň aýdyň subutnamasydyr. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy halkara guramalary bilen bilelikde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde BMG-nyň agza döwletleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmegiň amallaryny geçirdi. Maslahatyň dowamynda dostlar toparyna goşulan 11 döwletiň wekilleri çykyş edip, häzirki wagtda bar bolan ulag meselelerini çözmegiň ýollary barada özara pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredildi. 2023-nji ýylyň 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly kararnama kabul edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi, tutuş adamzat üçin möhümdigine we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Ýeri gelende bellesek, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan etmegi Türkmenistanyň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçirilen Ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň seçilip alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.


    Perhat ÇARYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI