
18/03/2025
114
TÜRKMENISTANYŇ MAÝA GOÝUM SYÝASATY—YKDYSADY ÖSÜŞIŇ ÇEŞMESI
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň paýtagtynda
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly hususy pudaga maýa
goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (IFT 2025) öz işine başlady. Bu
çäre daşary ýurtlarda we ýurduň içinde işleýän öňdebaryjy işewürler toparlarynyň
ünsüni özüne çekmekde ykdysady meýdançany emele getirer.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň
yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň,
şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de
beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün
edilýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti
döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa
goýumlary Türkmenistanyň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär, şeýle-de
ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly
toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Geçen ýyllaryň dowamynda milli
Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge,
türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter özgertmäge gönükdirilen
orta we uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edildi.
Türkmenistanda maýa goýum şertlerini gowulandyrmak üçin kanunçylyk
binýady kämilleşdirilýär, telekeçiligi ýöretmekde amatly ykdysady şertler
döredilýär. 2011-nji ýylda «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme
hakynda» Türkmenistanyň kanuny, şol ýylyň awgustynda bolsa karz
birleşmelerini we olaryň işlemeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny
kesgitlemek hem-de ýurdumyzda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny we telekeçiligi
ösdürmäge gönükdirmek üçin «Karz birleşmeleri hakynda» Türkmenistanyň
kanuny kabul edildi. Ýurdumyzda syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygy, milli
pulumyzyň mäkämliligi we ykdysadyýetimiziň ýylsaýyn ösüşi, kuwwatly çig mal-
resurslaryň binýady we işçi güýjüniň degişlilikde arzanlygy daşary ýurtlular
tarapyndan ýurdumyza maýalary goýmaga özüne çekijiligi we gelejegi bar
bolmaklygy häsiýetlendirilýär, bu bolsa olaryň netijeliligini kepillendirýär. Bu
hakykaty Halkara walýuta gaznasynyň (HWG) agzalar toparynyň hasabaty hem
tassyklaýar. Bazar gatnaşygynyň kämilleşdirilmegi hojalyk ýöredijileriň
bähbitleriniň erkin ýagdaýlarda amala aşyrylmagynyň we kanunçylyk-hukuk
şertleriniň barlygyna daýanýar. Bu bolsa, hojalygyň we telekeçiligiň netijeliligini
ýokarlandyryp subýektleriň maýa goýmaklyk mümkinçiliklerini höweslendirýär.
Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasynda häzirki dünýäniň ösüşiniň
talaplarynda, esasan, iki ugur öňe çykarylýar. Şolardan birinjisi, ykdysadyýeti
döwrebaplaşdyrmak; ikinjisi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak. Şu iki ugur
biri-biri bilen sazlaşykly ýöredilse, olaryň maksatlary bitewileşip Türkmenistany
ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwürmäge esas bolýar.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler umumadamzat
bähbitlerine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri bolsa, şol
meseleleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Öz halkynyň bagtyýarlygy, röwşen geljegi ugrunda yzygiderli alada edýän
hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary
hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň
I ýyl talyby.