
18/03/2025
95
TÜRKMENISTANYŇ MAÝA GOÝUM SYÝASATY—YKDYSADY ÖSÜŞIŇ ÇEŞMESI
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (IFT 2025) öz işine başlady. Bu çäre daşary ýurtlarda we ýurduň içinde işleýän öňdebaryjy işewürler toparlarynyň ünsüni özüne çekmekde ykdysady meýdançany emele getirer.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary Türkmenistanyň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär, şeýle-de ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Geçen ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter özgertmäge gönükdirilen orta we uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edildi.
Türkmenistanda maýa goýum şertlerini gowulandyrmak üçin kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, telekeçiligi ýöretmekde amatly ykdysady şertler döredilýär. 2011-nji ýylda «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda» Türkmenistanyň kanuny, şol ýylyň awgustynda bolsa karz birleşmelerini we olaryň işlemeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek hem-de ýurdumyzda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny we telekeçiligi ösdürmäge gönükdirmek üçin «Karz birleşmeleri hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Ýurdumyzda syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygy, milli pulumyzyň mäkämliligi we ykdysadyýetimiziň ýylsaýyn ösüşi, kuwwatly çig mal- resurslaryň binýady we işçi güýjüniň degişlilikde arzanlygy daşary ýurtlular tarapyndan ýurdumyza maýalary goýmaga özüne çekijiligi we gelejegi bar bolmaklygy häsiýetlendirilýär, bu bolsa olaryň netijeliligini kepillendirýär. Bu hakykaty Halkara walýuta gaznasynyň (HWG) agzalar toparynyň hasabaty hem tassyklaýar. Bazar gatnaşygynyň kämilleşdirilmegi hojalyk ýöredijileriň bähbitleriniň erkin ýagdaýlarda amala aşyrylmagynyň we kanunçylyk-hukuk şertleriniň barlygyna daýanýar. Bu bolsa, hojalygyň we telekeçiligiň netijeliligini ýokarlandyryp subýektleriň maýa goýmaklyk mümkinçiliklerini höweslendirýär.
Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasynda häzirki dünýäniň ösüşiniň talaplarynda, esasan, iki ugur öňe çykarylýar. Şolardan birinjisi, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak; ikinjisi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak. Şu iki ugur biri-biri bilen sazlaşykly ýöredilse, olaryň maksatlary bitewileşip Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwürmäge esas bolýar.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri bolsa, şol meseleleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Öz halkynyň bagtyýarlygy, röwşen geljegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.