Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTANYŇ KÖPTARAPLAÝYN DIPLOMATIÝA GATNAŞMAGYNYŇ AÝRATYNLYKLARY
    TÜRKMENISTANYŇ KÖPTARAPLAÝYN DIPLOMATIÝA  GATNAŞMAGYNYŇ AÝRATYNLYKLARY surady
    09/03/2024

    459

    TÜRKMENISTANYŇ KÖPTARAPLAÝYN DIPLOMATIÝA GATNAŞMAGYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

    Türkmen diplomatiýasy Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň täsirliligini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, turuwbaşdan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn diplomatiýany ösdürmäge uly üns berip gelýär. Şol bir wagtyň özünde hem biziň diplomatiýamyz öz öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, diplomatik işiň öz mazmuny boýunça çylşyrymlydygyny, görnüşleri we usullary boýunça bolsa köp görnüşlidigini hemişe göz öňünde tutýar. Bu aýratynlyklar ikitaraplaýyn diplomatiýa hem, köptaraplaýyn diplomatiýa hem mahsusdyr.
    Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýanyň arasyndaky aýratynlyklara seretmezden, diplomatiýanyň bu iki görnüşiniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň olary baýlaşdyrýandygyny hem belläp geçeliň. Şu jähetden, ikitaraplaýyn diplomatiýa bilen deňeşdirilende, köptaraplaýyn diplomatiýa özüniň ençeme aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle aýratynlyklar diňe bir diplomatik işini amala aşyrmagyň görnüşinde däl, eýsem, protokol tejribesinde hem bardyr.
    Mysal üçin, döwletleriň halkara hökümetara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň hukuk ýagdaýy baradaky Wena konwensiýasynyň (1975) degişli kadasyna laýyklykda, döwletiň ol ýa-da başga hökümetara guramanyň ýolbaşçysynyň razylygyny soramazdan, şol guramanyň ýanyndaky diplomatik wekilhanasynyň baştutanyny özüniň bellemäge hukugy bardyr. Şol bir wagtyň özünde hem BMG-niň degişli düzgünine laýyklykda, bu guramanyň ýanynda bellenen döwletiň Hemişelik wekiliniň hökmany suratda öz wezipesine laýyk gelýän iň ýokary diplomatik derejesi, ýagny Ilçi derejesi bolmalydyr. Eger Hemişelik wekilde şeýle dereje bolmadyk ýagdaýynda, onda onuň wezipä bellenilýändigi baradaky resmi haty guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan kabul edilip bilinmeýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bolsa, öňden gelýän düzgüne laýyklykda, bir döwlet başga bir döwletde özüniň ilçisini bellemezden ozal, şol döwletiň öz ilçisiniň akkreditasiýa ediljek döwletinden hökmany suratda bellenilen tertipde agreman soramagy hökmandyr.
    Ikitaraplaýyn diplomatiýadan tapawutlylykda, köptaraplaýyn diplomatiýa örän köp guramaçylyk meseleleriň çözülmegini hem talap edýär. Iň bolmanda şeýle mysaly getireýin: BMG-niň BA-synyň ýyllyk sessiýasy öz işine başlamazdan ozal, ähli agza döwletleriň wekiliýetleri iňlis elipbiýiniň tertibinde mejlisler zalynda öz ýerlerinde oturýarlar. Şol bir wagtyň özünde hem her ýyl mejlisler zalynyň birinji hataryndaky birinji orunda oturmak üçin wekiliýetleriň arasynda bije atylýar. Gepiň gerdişine görä aýtsam, 1993-nji ýylda geçirilen şeýle bijäniň netijesinde, BA-nyň 48-nji sessiýasy döwründe mejlisler zalynyň birinji hataryndaky birinji orunda oturmak Türkmenistanyň wekiliýetiniň paýyna düşüpdi.
    Ikitaraplaýyn resminamalar bilen deňeşdirilende köptaraplaýyn resminamalar hem köp halatlarda ençeme artykmaçlyklardan peýdalanýarlar. Mysal üçin, Bütindünýä söwda guramasynyň işine gatnaşmak oňa agza döwletler üçin onlarça, megerem, ýüzlerçe ikitaraplaýyn söwda resminamalaryň ýerini tutýar.
    Köptaraplaýyn diplomatiýa, ikitaraplaýyn diplomatiýadan diplomatik işi amala aşyrmagyň maksatlary, ugurlary, görnüşleri boýunça hem tapawutlanýar. Muňa ýokarda seredip geçişimiz ýaly, ikitaraplaýyn diplomatiýada ilçiniň esasy wezipesi öz ýurdunyň onda işleýän ýurdy bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we olaryň deň derejede netijeli ösmegine ýardam etmek bolup durýar. Köptaraplaýyn diplomatiýa barada aýdanymyzda, onda munuň halkara hökümetara guramalaryň we maslahatlaryň işi, gepleşikleriň geçirilmegi bilen bagly birnäçe döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagyndaky diplomatik iş bolup durýandygy sebäpli, köptaraplaýyn diplomatiýanyň wezipesi, esasan, global, ýagny ählumumy meseleleriň çözülmegine ýardam etmek bolup durýar.
    Şu jähetden, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanynda döredilen Hemişelik wekilhanasynyň (HW) esasy maksady, ilkinji nobatda, BMG-de Türkmenistanyň milli bähbitlerini doly ýüze çykarmak we olary dogry kesgitlemek, soňra bolsa şol bähbitleriň esasynda BMG bilen maksada okgunly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek arkaly BMG-niň we onuň ulgamynyň edaralarynyň üsti bilen ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak boldy.
    Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň üstünde doly durup geçmek üçin bir-iki kitap ýazmak hem ýeterlik bolmasa gerek. Şonuň üçin hem şol gatnaşyklara diňe ýurdumyzyň BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan Baş Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň mysalynda gysgaça seredip geçeliň (BMG-niň esasy edaralary Baş Assambleýadan, Howpsuzlyk Geňeşinden, Ykdysady we Durmuş Geňeşinden, Halkara Kazyýetden we Sekretariatdan durýar).
    Ozaly bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlis edarasy bolup durýandygyny we onuň özüniň nobatdaky ýyllyk mejlislerine, ýörite we adatdan daşary mejlislere ýygnanýandygyny belläp geçeliň. BA-nyň sessiýasynyň gün tertibi 140-175 bentden durýan hem bolsa, ara alyp maslahatlaşmagyň merkezinde, adatça, 10-a golaý adamzat üçin aýratyn möhüm mesele durýar. BA-nyň ýyllyk sessiýasy sentýabryň üçünji ongünlüginiň başynda açylýar we takmynan, indiki ýylyň şol wagtynda-da ýapylýar. Sessiýanyň esasy bölegi 25-nji dekabra çenli tamamlanýar we gysga arakesmeden soň, sessiýanyň mejlisi ýene-de dowam edýär.
    BA-nyň her sessiýasynyň başynda iki-üç hepdäniň dowamynda umumysyýasy çekişmeler bolup geçýär we olarda döwlet we hökümet Baştutanlary, daşary işler ministrleri dünýädäki ýagdaýa baha berýärler, dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça öz nukdaýnazarlaryny, öz döwletleriniň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini we ugurlaryny beýan edýärler.
    Soňra sessiýanyň gün tertibindäki meselelere şol bir wagtyň özünde hereket edýän umumy mejlislerde we 6 sany esasy komitetlerde seredilýär. BA-nyň mejlisinde seredilen meseleler boýunça kararlar olary sese goýmazdan kabul etmek ýa-da olara ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermeklik agza döwletleriň wekiliýetleri tarapyndan dürli reňkli düwmeleri basmaklyk arkaly amala aşyrylýar.

    (Dowamy bar).

    Amangeldi RAHMANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
    Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
    «Türkmenistanyň ussat diplomaty» nyşanynyň eýesi,
    professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.

    https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-7-90_6678

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI