26/03/2025
2088
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy ― ýaşlaryň ýagty geljeginiň kepili
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy ― ýaşlaryň ýagty geljeginiň kepili» atly brifing geçirildi. Oňa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Brifingde çykyş edenler öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edilendigini buýsanç bilen bellediler. Şunda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy goldamagyň, özara ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertidigi aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa hem-de institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Atamyrat Ýazweliýew brifingde çykyş edip, özleriniň hünär ugurlary bilen baglylykda, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Brifingiň dowamynda talyplaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen myhmanlara ýüzlenmekleri duşuşygyň işjeňligini artdyrdy.
Brifinge gatnaşyjylar Bitaraplygyň türkmen nusgasyny bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Humaý MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler

22/03/2025
ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI
20/03/2025
Parahatçylyk medeniýeti ― Nowruz baýramy