30/11/-0001
433
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ BELENT NUSGASY
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň uly manysy bar. Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi. Bu gün bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. Muny 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden türkmen Lideriniň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny öňe sürmegi hem doly subut edýär. Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilik, sebit we dünýä derejesinde işjeň parahatçylygy üpjün etmek, gapma-garşylyklara, harby bileleşiklere hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna we çäk bitewiligine hormat goýmak hem-de olaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ybaratdyr. Şoňa görä-de, kuwwatly ylalaşdyryjy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanyp, halkara giňişliginde amala aşyrýan beýik işleri dünýä bileleşiginiň maksatlaryna we isleglerine şübhesiz doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda XXI asyrda Türkmenistan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine eýerip, ynanyşmak esasynda ähli halklary parahatçylyga çagyrýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda gurama agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň bütin dünýäde ýurt Baştutanymyzyň tagallasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň bitewilikden gözbaş alýandygyny görkezýär. Çünki Türkmenistan daşary syýasatda howpsuzlygyň bitewiligi we bölünmezligi konsepsiýasyny öňe sürýär we ony amala aşyrýar. Ýurdumyz ýüze çykýan ähli halkara meseleleri diňe parahatçylykly we syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge aýratyn uly üns berýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda täze, 2021-nji ýylyň şeýle şygar astynda geçmegi bolsa, tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkarar etmäge, halklaryň arasynda ynanyşmak ýagdaýyny kemala getirmäge giň ýol açýar. Häzirki wagtda Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm sebit bolan Hazarýaka giňişliginde parahatçylygy üpjün etmäge we ynanyşmagy döretmäge mynasyp goşant goşýar. Bu hakykat ata Watanymyz Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen işjeňleşdirýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda hem özüniň beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, 21-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilendigini görkezip bolar. Öz gezeginde türkmen halkynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen özara sazlaşýandygy hem aýratyn bellemek gerekdir. Şeýle ajaýyp özboluşly sazlaşyk üstümizdäki ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýar hem-de oňa täzeçe öwüşgin berýär, täzeçe mazmun çaýýar. Bu bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň şygarynyň hakykatda amal bolýandygynyň alamatydyr. Munuň özi türkmeniň ykbally ogly — hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda tutuş dünýä ähmiýetli we umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän Garaşsyz ýurdumyzyň halkara at-abraýyny has-da ýokary göterer.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň bu beýik derejesi onuň baş sütünleriniň biri bolmak bilen, ýurdumyza hem halkymyza asudalyk, agzybirlik, dost-doganlyk, erkana ýaşaýyş eçildi. Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda, Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň dostlugyny berkitmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun.
Kerim KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI