25/03/2025
430
“TÜRKMENISTANYŇ GENDER DEŇLIGI BABATYNDAKY ÖSÜŞ MAKSADY WE HALKARA HYZMATDAŞLYGY” ATLY FAKULTATIW OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-
usulyýet merkeziniň gurnamagynda “Türkmenistanyň gender deňligi babatyndaky
ösüş maksady we halkara hyzmatdaşlygy” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw
sapagy Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň
orunbasary Batyr Orazow alyp bardy.
Hünärmen öz çykyşynda gender deňliginiň durnukly ösüş bilen aýrylmaz
baglanyşyklydygy, zenanlaryň we erkekleriň durmuşyň ähli ugurlarynda deň
mümkinçiliklerden, hukuklardan we jogapkärçiliklerden peýdalanmalydygy barada
belläp geçdi. Şeýle hem talyplar “Adam hukuklary boýunça esasy halkara
resminamalaryň ýygyndysy” bilen tanyş boldular.
Täsirli geçen okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hünärmen bilen gyzykly
sorag-jogap alyşdylar.
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.