16/09/2026
29
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň hem-de institutyň «Ýaş alymlar» geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy döwründe ýetilen sepgitler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahaty institutyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukugy kafedrasynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa alyp bardy. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Akmuhammet Jumagulyýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Şatmuhammet Aşyrmuhammedow, institutyň mugallymy Maral Orazgylyjowa hem-de Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Guwanç Aliýew çykyş etdiler.
Çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da pugtalanmagy hem-de milli Garaşsyzlygyň Türkmenistanyň ösüşindäki möhüm orny barada pikirler beýan edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmek we ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy