Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
        • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2024-nji ýyl boýunça görkezijileri I
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan ylmy maslahat
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan ylmy maslahat surady
    30/11/-0001

    1199

    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan ylmy maslahat

    2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň professor mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

    Maslahatyň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, abraýly halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde guran sergisi ýaýbaňlandyryldy.

    Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stefen Klimow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasy bilen Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň seslenmesine we ykrarnamasyna eýe bolýandygy nygtaldy.

    Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym talyplaryna eziz Diýarymyzyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň goşant goşýandyklary üçin degişli diplomlar gowşuryldy.

    Ylmy maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň düzümini aýratyn üns merkezinde saklaýandygy we ony mundan beýläk-de kämilleşdirmekde edýän taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwletimiziň daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Maslahatyň ahyry Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk konserti bilen dabaralandy.

    Täçnabat PAÝTYKOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.


    Şeýle hem bu barada şu ýerde okap bilersiňiz:

    https://ashgabat.in/2022/02/18/turkmenistanyn-diplomatik-isgarlerinin-guni-mynasybetli-sazlasykly-gecirilen-careler/

    Soňky täzelikler

    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY surady

    15/05/2025

    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY
    YLMY-AMALY MASLAHAT surady

    15/05/2025

    YLMY-AMALY MASLAHAT
    «PEDERLERIŇ GAHRYMANÇYLYGY – WATANSÖÝÜJILIGIŇ MEKDEBI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI surady

    06/05/2025

    «PEDERLERIŇ GAHRYMANÇYLYGY – WATANSÖÝÜJILIGIŇ MEKDEBI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI