09/10/2026
30
ONLAÝN USULY-OKUW MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi. Maslahat abraýly halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinde indekslenýän žurnallarda ylmy makalalaryň çap edilmegini utgaşdyrmak boýunça 2026-njy ýyl üçin tassyklanan Ýol kartasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.
Onlaýn usuly-okuw maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylym bölümleriniň degişli hünärmenleri we kafedra müdirleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde alymlaryň halkara ylmy platformalardaky işjeňligi hem-de ylmy neşirlerde etiki kadalaryň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleler orun aldy.
Maslahatyň dowamynda «Alymyň halkara sanly şahsyýeti: ylmy platformalarda (ORCID, Scopus, Google Scholar) professional profilleri döretmek we netijeli ulanmak» atly tema boýunça ylmy platformalarda hünär profillerini döretmegiň we olary netijeli peýdalanmagyň usullary barada maglumat berildi. Alymlaryň ylmy işlerini halkara sanly giňişlikde görkezmekde şeýle profilleriň ähmiýetine üns çekildi.
Şeýle-de «Ylmy etika we barlaglaryň bitewüligi: plagiatdan we galp (predatory) neşirlerden goranmagyň halkara kadalary» atly tema ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylmy barlaglarda akademiki dogruçyllygy üpjün etmek, çeşmelere dogry salgylanmak, plagiatyň öňüni almak hem-de ygtybarly ylmy žurnallary saýlamak meselelerine aýratyn üns berildi.
Usuly-okuw maslahat ylmy makalalary halkara talaplara laýyklykda taýýarlamak, ylmy platformalardan netijeli peýdalanmak we ylmy etikanyň kadalaryny berjaý etmek boýunça gatnaşyjylaryň bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirildi.
Muhammet BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy