28/08/2026
28
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Ylymly-bilimli ýaşlar — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljegi» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary we döwlet edaralaryndan myhmanlar gatnaşdylar. Ilki bilen ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde çykyşlara giň orun berlip, onda 1-nji — sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar gününe ykjam taýýarlyk görmek, täze okuw ýylynda döredilýän şertdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, talyplara mynasyp sowat öwretmek bilen bagly pikir-garaýyşlar orta atyldy. Şeýle-de ylym-bilimiň ykdysady ösüşe, ählumumy abadançylyga ýetirýän täsiri dogrusynda bellenilip, adamyň bilim almaga bolan hukuklary barasynda durlup geçildi.
Soňra bolsa ylmy-amaly maslahat öz işini «Halkara hyzmatdaşlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek tejribesi», «Kämil bilim we ýokary hukuk sowatlylygy — durnukly döwletiň we bagtyýar jemgyýetiň özeni», «Bilim ulgamyny ösdürmekde halkara ykdysady gatnaşyklarynyň tutýan orny», «Türkmenistanda bilim özgertmeleri abadan durmuşyň gözbaşydyr» atly bölümçelerde dowam etdi. Bölümçelerde hem professor-mugallymlaryň, talyplaryň ylmy nukdaýnazary esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly çykyşlary diňlenilip, bu ugry innowasion tehnologiýalaryň kömegi esasynda ösdürmegiň zerurdygy tassyklanyldy. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim almaga, sowat öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby