449
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ymtylyşynyň nyşany bolup durýar. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabaralar aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny» atly halkara ylmy maslahat baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzdi. Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýörite sergisi bilen tanyşdylar.
Soňra baýramçylyk maslahaty öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagy diňlenildi. Onda hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişliginde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär.
Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksan, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlo, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud çykyş etdiler.
Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy, BMG-niň Baş sekretarynyň bu resminamany dolulygyna makullamagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi milli diplomatiýamyzyň hem ajaýyp üstünligidir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de mundan beýlägem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň dürli dillerde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlary esasy dabaralar bilen utgaşdy. Myhmanlara ýakymly duýgulary bagyşlan bu baýramçylyk konserti Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Şeýle hem şu ýerden okap bilersiňiz:
https://www.mfa.gov.tm/news/5075
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/92134/parahatcylygy-howpsuzlygy-we-hyzmatdaslygy-pugtalandyrmak-bitarap-turkmenistanyn-diplomatiyasynyn-bas-maksady
https://www.turkmenportal.com/tm/photoreport/88058/turkmenistanyn-diplomatik-ishgarlerinin-guni-bellenildi
Soňky täzelikler

22/02/2025
Täsirli geçen gülki agşamy
13/02/2025
ÝAŞ TÜRGENLERIMIZIŇ NOBATDAKY ÝEŇIŞLERI