15/07/2022
1384
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Özbegistanyň Merkezi Aziýa halkara instituty özara ylalaşyga gol çekdi
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky 2318 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde Strategik barlaglar boýunça ylmy merkez döredildi.
Merkez işe girişen ilkinji günlerinden sebitiň ýurtlarynyň ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy öz işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belledi. Şu maksada eýerip, goňşy döwletleriň strategik barlaglar boýunça institutlaryna we merkezlerine hyzmatdaşlyk çagyryşy bilen ýüzlendi. Özbegistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa halkara instituty ilkinjileriň hatarynda çagyryşy kabul etdi we netijede ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekmek arkaly hyzmatdaşlygyň hukuk binýady berkidildi.
Gysga döwrüň içinde Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi we Merkezi Aziýa halkara institutynyň bilelikde guramagynda birnäçe malsahatlar geçirildi, şol sanda:
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň amala aşyrylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatyna we onuň çäklerinde guralan "Merkezi we Günorta Aziýanyň ekspert-seljeriş jemgyýetleriniň wekilleriniň sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde goşandy" atly bilermenler toparynyň ýygnagyna gatnaşdy.
2022-nji ýylyň 30-njy maýynda iki ugurdaş düzümiň guramagynda göni wideo aragatnaşyk arkaly "Merkezi Aziýayň parahatçylykly we durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary: Özbegistanyň we Türkmenistanyň çemeleşmeleri» atly halkara maslahat geçirildi.
Şeýle hem 2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň halkara institutynyň gurnamagynda “Özbegistan we Türkmenistan: hyzmatdaşlygyň täze taryhy eýýamynda ösüşiň gelejegi” atly halkara maslahaty geçirildi.
Döwletmyrat MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň
ylmy işgäri
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!