30/11/-0001
831
“Türkmenistanda wodorod energiýasyny öndürmegiň we ulanmagyň ähmiýeti” atly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bagyşlanyp “Türkmenistanda wodorod energiýasyny öndürmegiň we ulanmagyň ähmiýeti” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Bu ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşyp, bu ugurda “Howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň Dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy”, “Wodorod energetikasyny ösdürmegiň möhüm ugurlary”, “Ýaşyl wodorody öndürmegiň ähmiýeti” ýaly temalarda çykyş etdiler. Şeýle hem “Türkmenistan we IRENA: hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary” temada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew çykyş edip, bu ugurda alnyp barylýan işler babatynda, şeýle hem hyzmatdaşlygy has hem ösdürmek üçin geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Aýşat AŞYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.