30/10/2026
37
TÜRKMENISTANDA RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ NABEREZNYÝ ÇELNY DÖWLET MUGALLYMÇYLYK UNIWERSITETINIŇ PROFESSOR - MUGALLYMLARYNYŇ PEDAGOGIK IŞGÄRLER BILEN HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRYŞ BOÝUNÇA USULY-AMALY OKUW
2026-njy ýylyň 21 – 28-nji oktýabry aralygynda A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Russiýa Federasiýasynyň Nabereznyý Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň “Bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini guramagyň netijeli usullary. Mugallymçylyk işinde häzirki zaman meýiller we innowasion tejribeler” atly hünar derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuw geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim ulgamynda zähmet çekýän professor-mugallymlar gatnaşdylar.
Usuly-amaly okuwyň esasy ugurlary on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda saýlanyldy. Olar tankydy pikirlenme we çekişmeler usullaryny ulanmak arkaly interaktiw görnüşde geçirildi. Diňleýjiler hünär derejesini ýokarlandyryp, döwrebap sanly tehnologiýalary we innowasion usullary bilim bermekde ornaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdylar we bilimiň hiline baha bermekde milli, halkara we rus çemeleşmeleri barada giňişleýin düşünje aldylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Aýna Sätgeldiýewa hem bellenen hünär ýokarlandyryş maksatnamasyny üstünlikli tamamlap, degişli şahadatnama sylaglandy.
Geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça usuly-amaly okuw bilim işgärleriniň hünär tejribesiniň kämilleşmegine we halkara ülňülerine laýyklykda, mugallymçylyk başarnyklarynyň ýokarlanmagyna ýardam etdi.
Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy