Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat
    “Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat surady
    10/11/2021

    942

    “Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
    Durnukly ösüş maksatlaryny ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda düşündirmek,
    şeýle hem durnukly ösüş maksatlary baradaky bilimleri, gazanylan tejribäni
    wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda belleniljek
    Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlap, degişli ministrlikleriň,
    ylym-bilim edaralaryň wekilleriniň, durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileriniň,
    mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, magistrleriň, mugallymlaryň, aspirantlaryň,
    ylmy işgärleriň gatnaşmagynda geçiriljek “Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny
    durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat.
    “Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly
    ylmy-amaly maslahatyna tabşyryljak makalalary we olaryň annotasiýalaryny resmileşdirmeklige
    TALAPLAR

    1. Ylmy maslahata makala türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürlenip bilner. Makalada esasy dilden beýleki iki dilde annotasiýalary goşulýar we olaryň terjimeleri tassyklanan bolmaly.
    2. Maslahata gatnaşyjy diňe bir makala hödürläp biler we makalanyň ikiden köp awtory bolmaly däldir. Makalada awtor (awtorlar) tarapyndan geçirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri beýan edilmelidir.
    3. Makalanyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 6 sahypadan geçmeli däldir, annotasiýalarynyň her biriniň möçberi A4 formatda 0,5 sahypa çenli bolmaly.
    4. Makalanyň we annotasiýalaryň sahypalary belgilenilmeýär.
    5. Makalanyň teksti Times New Roman şrifti bilen ýazylmaly we bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
    awtoryň (awtorlaryň) ady, familiýasy (dolulygyna) we wezipesi gözkezilmeli setiriň sag tarapy boýunça deňlemek bilen 14­­-lik şriftde goýygara ýazmaly;
    makalanyň ady baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty 16-lyk şriftde goýygara görnüşde ýazylmaly;
    makalanyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir goýbermeli;
    makalanyň we annotasiýalaryň esasy mazmuny 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň ini boýunça deňlenilmeli.
    Setirleriň arasy 1-lik ölçegde bolmaly;
    Matematiki formulalar kompýuterde degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly; sahypa ölçegi: ýokary we aşak taraplarda — 2,0 sm, çep tarapda — 2,5 sm, sag tarapda — 1,5 sm.
    Edebi çeşmeleriň salgylanmalary nutugyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1], [2], [3—5] we ş.m.Edebiýatlaryň sanawy nutugyň gysgaça beýanynyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝATLAR diýen sözbaşy ýazylmaly.
    6. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda makala şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeginden çykmaly däl, şrifti bolsa 14 pt-dan az bolmaly däl. Makalanyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 6 sahypadan geçmeli däldir.
    7. Makala we annotasiýalar diňe Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
    8. Makala kabul edilenden soňra awtor tarapyndan hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
    9. Kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
    10. Makala awtoryň işleýän (okaýan) edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen ugradylmaly.
    11. Hata hökmany suratda makalanyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri hem goşulmaly.
    12. Elektron faýllary arhiwirlemeli däl!
    13. Makalalaryň derwaýyslygy esasynda saýlamak hukugyny guramaçylyk topary özünde saklaýar.
    Makalalar 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul edilýär.
    Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy
    Institutyň resmi web saýty: https://iirmfa.edu.tm/
    Habarlaşmak üçin: +993-12-22-68-51; +993-64-62-05-47
    Ylmy-amaly maslahat üçin email salgy: sdgcentre40@gmail.com

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI