Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby / Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmagyň ýolunda
    Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmagyň ýolunda surady
    19/08/2023

    1641

    Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmagyň ýolunda

    Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara guramalar, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Bu abraýly halkara guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda esasy hyzmatdaşlaryň biridir. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly bu abraýly guramanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy.

    ÝUNESKO-nyň XXI asyryň çylşyrymly we dartgynly meselelerini medeni diplomatiýa arkaly çözmek, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi ynsanperwer ýörelgeler arkaly üpjün etmek ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň baş maksadyna doly gabat gelýär. ÝUNESKO her bir döwletiň, milletiň taryhyny, medeni gymmatlyklaryny, tebigatyny goramak, olary ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly ýetirmek, her bir halkyň milli gymmatlyklaryny umumadamzat mirasyna öwürmek babatda netijeli iş alyp barýan ýeke-täk halkara guramadyr. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna gabat gelmegi örän guwandyryjydyr. Çünki ÝUNESKO geosyýasy şertleriň ýitileşen döwründe ilkinji bolup ýaşlar syýasatyny öňe süren gurama bolup durýar. Bu abraýly gurama ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dünýädäki müňlerçe ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlary goldap, Bütindünýä ýaşlar toruny döretmek we kämilleşdirmek, olaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, bilim önümçiligini ösdürmek, döwlet işlerine çekmek boýunça hem yzygiderli işleri alyp barýar.

    BMG-niň 1999-njy ýylyň 17-nji dekabryndaky Kararnamasyna laýyklykda, her ýylyň 12-nji awgustynyň «Halkara ýaşlar güni» diýlip yglan edilmegi bilen, ýaşlar meselesine halkara jemgyýetçiligiň dykgatyny ýene bir ýola çekmek we olaryň dünýäde raýdaşlygyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen parahatçylygy ýola goýmakda esasy güýçdügini nygtamak göz öňünde tutuldy. Bu senäni döretmek baradaky ilkinji teklipler 1991-nji ýylda Awstriýanyň Wena şäherinde, BMG ulgamynyň Bütindünýä ýaşlar forumynyň ilkinji sessiýasyna ýygnanan ýaşlar tarapyndan öňe sürüldi. BMG-niň 54-nji mejlisinde «Ýaşlara degişli syýasatlar we maksatnamalar» atly Kararnama kabul edildi. Bu tagallalar bütin dünýädäki ýaşlaryň bir guramanyň çäginde jebisleşmegine, olaryň ukyp-başarnygyny mundan beýläk-de açyp görkezmäge, özara pikir alyşmak üçin giň meýdança döretmäge mümkinçilik berdi.

    Hormatly Prezidentimiziň täze taryhy eýýamda döwletiň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns berip, uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, olar üçin täze mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň döredilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy ýaşlar syýasatynyň döwlet we halkara derejesinde dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

    ÝUNESKO-nyň döredilen gününden bäri alnyp barylýan işler seljerilende, ýaşlar syýasatyny ösdürmek ugruna esasy ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar. Halkara we sebit derejesinde ÝUNESKO BMG-niň ýaşlar barada işläp taýýarlan köptaraplaýyn ýörelgelerinden peýdalanýar. Bu gurama ýaşlary goldamak maksady bilen, agza ýurtlarda ýaşlar bilen bagly meseleleri çözmek üçin olara ylym, bilim, medeniýet, kommunikasiýa ulgamyndaky döwlet syýasatyny işläp düzmäge ýardam berýär. ÝUNESKO öz işinde ýaşlaryň halkara guramalaryň we institutlaryň arasyndaky gatnaşyklaryny ösdürmäge, öz çägindäki taslamalaryň, maksatnamalaryň üsti bilen, olaryň hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga çalyşýar. Gurama ýaşlaryň güýjüni dogry ulanmagy we ony ösüş gazanmakda peýdalanmagy esasy maksat edip goýýar. Ikinji jahan urşundan soň Ýewropany dikeltmek üçin ÝUNESKO ýaşlaryň halkara meýletinçi zähmet birleşmelerini döretdi. Bu şol döwürde emele gelen ynsanperwerlik ulgamyndaky serhetleri, gapma-garşylyklary aradan aýyrmaga mümkinçilik berdi.

    Geçen asyryň ikinji ýarymynda halkara derejede medeni alyş-çalşygyň we syýahatçylygyň üsti bilen düşünişmegi gazanmaga işjeň girişilýär. Netijede, 1949-njy ýylda ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen Talyp syýahatçylygynyň halkara konfederasiýasy döredilýär. Soňra bu meýilnama has-da kämilleşdirilip, 1950-nji ýylda Ýaşlar syýahatçylyk guramalarynyň halkara federasiýasy işläp başlaýar. Bu guramalar uzak wagtlap ÝUNESKO-nyň esasy hyzmatdaşlary bolup çykyş edýärler. Olar ýaşlaryň medeni diplomatiýanyň üsti bilen parahatçylygy gazanmagyna mümkinçilik döredýärler.

    ÝUNESKO dünýäde sowatsyzlygy ýok etmek we ýaşlary iş bilen üpjün etmek ugrunda hem üstünlikli iş alyp barýar. Bu guramanyň şeýle başlangyçlarynyň biri-de assosirlenen mekdepler torudyr. 1953-nji ýyldan bäri hereket edýän bu taslamanyň esasy maksady BMG-niň hem-de ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerini wagyz etmek, medeni hem-de tebigy gymmatlyklary öwrenmek, gorap saklamak, adamyň we çaganyň hukuklaryny goramak, ösüp gelýän ýaş nesilde hoşniýetliligi kemala getirmek, hemmeleri sowatly, bilimli etmek bolup durýar. Ýurdumyzda hem bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna 6 sany umumybilim berýän orta mekdep goşuldy. Bu ugurdaky maksatlara ýetmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO klublarynyň we ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylandygyny aýratyn bellemek gerek.

    BMG-niň abraýly halkara düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalary örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary esasynda, ýurdumyzda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýaşlary ählitaraplaýyn kämilleşdirmek, olary parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ösdürmekde esasy kuwwata öwürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyndan ruhlanýan, Arkadagly Serdarymyzyň beýik göreldesine eýerýän türkmen ýaşlary Milli Liderimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýasyny dünýä ýaýmakda mundan beýläk-de öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

    Aýna BAÝMURADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

    Çeşme:
    "Türkmenistan" gazeti 19.08.2023 
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles

    Soňky täzelikler

    YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    Turkmenistan Expands Cooperation with Kazakhstan through UNESCO surady

    17/04/2025

    Turkmenistan Expands Cooperation with Kazakhstan through UNESCO
    Onlaýn okuw maslahaty geçirildi surady

    05/02/2025

    Onlaýn okuw maslahaty geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI