16/08/2023
859
TÜRKMENISTAN — UNESCO: medeni-gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär
Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýedir. Onuň çäginde uniwersal häsiýetli halkara guramasy bolan Birleşen Milletler guramasy we onuň degişli agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşýar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy, ýagny UNESCO bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynda oňyn tejribe toplanyldy.
UNESCO-nyň taryhyna ýüzlensek, ol 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. Döredilenine şu gün 68 ýyl dolan BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň maksady bilimiň, ylymyň we aragatnaşygyň esasynda adamlaryň aňynda beýik pikiri — parahatçylygy goramak, hoşniýetlik, geçirimlilik pikirini oýarmakdan ybaratdyr. Bu guramanyň tertipnamasynda «Uruş hakdaky pikir adamyň aňynda döreýär, şonuň üçin hem olaryň aňynda parahatçylygy goramak pikirini oýarmaly» diýen sözler ýöne yglan edilen şygar däl-de, onuň ýörelgesidir. Guramanyň maksady adalatlylygy, kanunylygy we adam hukuklaryny ählumumy hormatlamagy, şeýle hem BMG-niň tertipnamasynda ykrar edilen teniniň reňkine, jynsyna, diline ýa-da dinine garamazdan, ähli halklar üçin ykrar edilen esasy hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen halklaryň bilim, ylym we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekdir.
UNESCO 195 sany hemişelik agza, 6 sany assosirlenen agza döwletleriniň arasynda bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam edýär. Umumyadamzat gymmatlyklaryna, islendik siwilizasiýanyň we medeniýetiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bu guramanyň ileri tutýan ýörelgesidir.
Öz mandatyny amala aşyrmak maksady bilen UNESCO bäş sany esasy wezipäni durmuşa geçirýär:
* Dünýäniň ertirki geljegi üçin zerur bolan bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we aragatnaşygyň görnüşleri barada geljege gönükdirilen barlaglary alyp barýar;
* Ylmy barlaglara, hünärmenleri taýýarlamaga we okatmaga daýanmak bilen bilimleri ilerletmegi, bermegi we alyşmagy guraýar;
* Normatiw işleri alyp barýar: halkara resminamalaryny hem-de ýerine ýetirilmegi hökmany hödürnamalary taýýarlaýar we kabul edýär;
* Agza döwletleriň bilermenlerine ösüş syýasatyny kesgitlemekde we taslamalary taýýarlamakda tehniki hyzmatdaşlyk etmekde hyzmatlaryny hödürleýär;
* Ýöriteleşdirilen maglumatlaryň alyş-çalşygyny guraýar.
Baş maslahat UNESCO-nyň ýolbaşçy edarasydyr. Oňa agza döwletleriň wekilleri girýär. Ol iki ýyldan bir gezek ýygnanýar. Baş maslahat UNESCO-nyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Guramanyň indiki iki ýyla niýetlenen maksatnamasyny we býujetini tassyklaýar. Dört ýylda bir gezek Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalaryny we Baş direktory saýlaýar. Iňlis, arap, ispan, hytaý, rus, fransuz dilleri onuň iş dilleri hasaplanýar. Guramanyň ştab-kwartirasy Parižde ýerleşýär.
UNESCO bütin dünýäde ählumumy sowatlylygy gazanmak üçin ençeme işleri durmuşa geçirýär. 1948-nji ýylda UNESCO hökmany we ählumumy başlangyç bilim hakynda hödürnamany kabul etdi.
Medeni mirasy goramak bu guramanyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. 1972-nji ýylyň 16-njy noýabrynda medeni we tebigi mirasy goramak barada UNESCO-nyň Konwensiýasy kabul edildi. 1976-njy ýylda Bütindünýä mirasy komiteti döredildi. 1978-nji ýylda onuň sanawyna ilkinji obektler girizildi. 2013-nji ýyldaky ýagdaýa görä, Bütindünýä mirasynyň sanawynda — 981 obýekt bolup, şolaryň 759-sy medeni, 193-si — tebigy we 29-sy — garyşyk ýadygärliklerdir. Olar dünýäniň 150-ä golaý ýurdunda ýerleşendir. Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren obýektlere aşaky artykmaçlyklar berilýär:
* Seýrek tebigy toplumlaryň bitewiligine we goraglylygyna goşmaça kepilnamalar berilýär.
* Bu çäge giren ýerleriň we ony dolandyrýan edaralaryň abraýy ýokarlanýar.
* Sanawa giren obýektleriň meşhurlygy artýar we tebigatdan peýdalanmagyň alternatiw (ilkinji nobatda, ekologiýa turizmi) usullary döreýär.
* Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň obýektlerini goramak üçin maliýe serişdelerini, ilkinji nobatda Bütindünýä mirasynyň Gaznasyndan serişdeleri çekmäge mümkinçilik berýär.
* Tebigy obýektleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin monitoringi guramaga ýardam edýär.
UNESCO adamyň işjeň hojalyk işiniň täsiri, hem-de tebigy täsirleriň netijesinde dünýäniň ençeme taryhy ýadygärlikleriniň ýok bolmagynyň öňüni almakda ençeme işleri bitirdi. Muňa mysal hökmünde, Müsürdäki Nubiýa döwletiniň ýadygärlikleriniň goralmagyny agzap bolar. 1960-njy ýylda guramanyň tagallasy bilen Abu Simbel uly ybadathanasy göçürildi. Netijede, Asuan bendiniň gurulmagy zerarly bu ýadygärligiň Niliň suwunyň astynda galmagynyň öňi alyndy. 20 ýylyň dowamynda alnyp barlan bu iri möçberli işiň netijesinde başga-da 22 sany arhitektura ýadygärligi goralyp saklandy. Päkistandaky Mohenjo-daro, Marokkodaky Fesa, Nepaldaky Katmandu, Indoneziýadaky Borobodura, Gresiýadaky Afiny akropoly halas edildi.
1952-nji ýylda UNESCO tarapyndan guralan hökümetara konferensiýasynda awtorlyk hukugy hakda Bütindünýä konwensiýasy kabul edildi.
UNESCO halkara günlerini, ýyllaryny, onýyllyklary belleýär. Agza döwletleriň möhüm wakalarynyň bellenmegine gatnaşýar. Meselem, 2006-njy ýylda UNESCO Samarkandyň 2750 ýyllygyny, meşhur kompozitor Mosartyň doglan gününiň 250 ýyllygyny, Tretýakow galereýasynyň 150 ýyllygyny, 2012-nji ýylda ermeni elipbiýiniň düýbüni tutujy Ermenistanda Mesrop Maştosyň 1650 ýyllygyny, şahyr we sazanda Saýat Nowanyň 300 ýyllygyny, 2013-nji ýylda Azerbaýjanda seljuklar döwrüniň şahyrasy Mehseti Genjewiniň 900 ýyllygyny, Türkiýede Piri Reýisiň kartasynyň çap edilmeginiň 500 ýyllygyny we beýleki ençeme belli günleri belledi. UNESCO 2010-njy ýyly medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň halkara ýyly, 2011-nji ýyly halkara tokaýlar ýyly, himiýa ýyly, 2012-nji ýyly kooperatiwleriň halkara ýyly, 2013-nji ýyly suw gorlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň halkara ýyly, Ýer planetasynyň matematika ýyly diýip yglan etdi.
UNESCO ençeme halkara baýraklaryny döretdi. Olaryň arasynda Feliks Ufuýe-Buan adyndaky parahatçylyk baýragy hem-de L’Oreal adyndaky «Aýallar we ylym» atly halkara baýraklary bar. UNESCO-nyň ýokary sylaglarynyň biri hem 1980-nji ýylda döredilen «Awisenna» altyn medalydyr. Onuň örän ýokary statusy bar. Ol diňe döwlet baştutanlaryna berilýär. Şu wagta çenli sanlyja döwlet baştutanyna berlen bu ýokary sylaga Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň 6-njy maýynda mynasyp bolmagy biz üçin hasam guwandyryjy ýagdaýdyr. Iri halkara guramasy tarapyndan döredilen hem-de ildeşimiz Ibn Sinanyň adyny göterýän, diňe döwlet baştutanlary sylaglanýan Altyn medalyň hem syýasatçynyň, hem alym-lukmanyň häsiýetlerini özünde jemleýän adama — biziň hormatly Prezidentimize gowşurylmagynyň simwoliki manysy bardyr. Ýeri gelende ýatlasak, hormatly Prezidentimiz entek hökümetde ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryna ýolbaşçylyk edýän mahalynda bu tanymal alymyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitaby ilkinji gezek türkmen diline terjime edilip, neşir edilipdi. Bu sylag mertebeli döwlet Baştutanymyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp barýan ynsanperwer maksatly işleriniň giden toplumynyň halkara bileleşigi tarapyndan ýene bir ýola ykrar edilmesiniň aýdyň beýanydyr.
2010-njy ýylyň 1-2-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi sapary mahalynda UNESCO-nyň Baş direktory hanym Irina Bokowa bilen duşuşdy. Hanym Irina Bokowanyň nygtaýşy ýaly, UNESCO Türkmenistanyň hökümeti bilen däbe öwrülen konstruktiw hyzmatdaşlygy, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şol ulgamda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. UNESCO-nyň Baştutany ekologiýany gorap saklamak babatda Türkmenistanda alnyp barylýan işlere, hususan-da Altyn asyr Tükmen kölüniň bu babatda amala aşyrylan uly taslamadygyny nygtady.
Medeni mirasymyzy öwrenmekde we gorap saklamakda UNESCO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda UNESCO-nyň Konwensiýasyna gol çekilensoň, bu abraýly halkara guramasynyň doly ygtyýarly agzasy boldy. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde Türkmenistanyň UNESCO-daky wekilhanasy açyldy. Türkmenistan UNESCO-nyň ugry boýunça Aziýa we Ýuwaş okeany sebitinde ýokary bilim boýunça okuw kurslaryny, diplomlary we derejeleri ykrar etmek baradaky sebit Konwensiýasyna (Bangkok ş., 1983-nji ýylyň 16-njy dekabry); Biologik dürlülik baradaky Konwensiýa (Rio-de-Žaneýro ş., 1992-nji ýylyň 5-nji iýuny); Bütindünýä medeni we tebigy mirasy baradaky Konwensiýa (Pariž ş., 1972-nji ýylyň 16-njy noýabry) goşuldy.
Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak boýunça UNESCO-nyň Konwensiýasyna Türkmenistan 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çekdi. Aşgabatda UNESCO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli iş topary işjeň hereket edýär. Iş toparynyň işçi edarasy hökümet bilen ysnyşykly işläp, UNESCO bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça teklipleri taýýarlaýar, işleri utgaşdyrýar. UNESCO-nyň ýardam bermeginde ýurdumyzda taryhy ýadygärlikleri goramak we rejelemek, tebigaty goramak, biodürlülik babatda birnäçe halkara maslahatlary, seminarlary geçirildi. UNESCO tarapyndan Türkmenistanda şu wagta çenli ençeme taslamalar maliýeleşdirildi. Hususan-da, 1994-1995-nji ýyllarda UNESCO-nyň ýardam bermeginde gadymy Merwiň 2500 ýyllygy bellenilip geçildi. Turizmiň medeniýete täsiri, Ýüpek ýoly boýunça medeni turizm taslamasy amala aşyryldy. Merkezi Aziýada konsultatiw syýasy forum geçirildi. Meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak boýunça okuw kurslary guraldy. Amyderýanyň suw gorlaryny gorap saklamak we menejment taslamasy ýerine ýetirildi. UNESCO-nyň neşirlerini terjime we neşir ediş merkezi, informatika we kommunikasiýalar boýunça kafedrasy döredildi. Aral deňziniň basseýninde Türkmenistanyň agyz suwuny arassalamak we onuň usullaryny hödürlemek taslama amala aşyryldy. 2002-2003-nji ýyllarda okatmagyň we bilim bermegiň täze usullary boýunça maglumatlary taýýarlamak üçin çap ediş merkezi we turizm boýunça okuw merkezi döredildi. 2006-2007-nji ýyllarda UNESCO-nyň ýardamy bilen Türkmenistanda milli medeniýeti we folklory goramak boýunça merkez, ýurdumyzyň suwasty gorlaryny dolandyrmak boýunça we Repetek goraghanasynda monitoring merkezleri döredildi.
UNESCO bilen medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, medeni mirasy öwrenmek we halka ýaýmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Netijede, 1999-njy ýylda gadymy Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikleri, 2007-nji ýylda gadymy Nusaý galasy UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. UNESCO-nyň goldawy bilen Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň we Gündogaryň halklarynyň taryhy-medeni mirasy dünýä bileleşiginde», 2004-nji ýylda «Türkmenistan — Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň watanydyr», 2006-njy ýylda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda «Baky Bitarap Türkmenistan — UNESCO: taryhy-medeni gymmatlyklara baha bermek we dünýä mirasynyň ýadygärliklerini gorap saklamagyň ýollaryny kesgitlemek», Mary welaýatynda «Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir», 2008-nji ýylda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ojagydyr» atly Halkara ylmy maslahatlary geçirildi. Bu gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň çäklerinde diňe bir taryhy ýadygärlikleri däl, eýsem Bütindünýä mirasynyň sanawyna türkmen tebigatynyň täsin künjekleri bolan döwlet tebigy goraghanalarynyň 6-sy — Sünt-Hasardag, Bathyz, Amyderýa, Repetek, Hazar, gadymy dinozawrlaryň yzlaryny goýnunda saklaýan Köýtendag goraghanalary, şeýle hem ajaýyp hem gaýtalanmajak ekoulgam bolan Garagum çölüni goşmak barada teklipler taýýarlanyldy we garamagyna berildi. Bu tebigy ýadygärlikler dünýäde gaýtalanmaýanlygy, ýeke-täkligi üçin bu sanawa hödürlenýär. 2009-njy ýylyň 9-17-nji noýabry aralygynda «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynda UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň tebigat ýadygärlikleriniň nominasiýasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň UNESCO-nyň işleri boýunça milli toparynyň ýardam bermeginde tälim beriş seminary guraldy. Oňa guramanyň Pariždäki ştab-kwartirasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iň bir amatly çatryk bolupdyr. Hut şonuň üçin hem onuň ugrunda ýerleşen medeni-taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamakda UNESCO bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 2011-nji ýylyň 3-6-njy maýy aralygynda UNESCO-nyň Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna teklip etmek baradaky Utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji duşuşygy geçirildi. Aşgabat forumynda hünärmenler Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada indi birnäçe ýyl bäri dowam edýän işi barşyna seljerme berdiler. Türkmenistanyň medeni mirasynyň seriýalaýyn nominasiýasynyň deslapky sanawyna gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ajaýyp medeni-taryhy ýadygärlikleriň 25-si hödürlenildi. Olaryň köpüsi Bütindünýä mirasynyň sanawyna alnan Merw, Köneürgenç, Nusaý taryhy-medeni goraghanalarynyň çäginde ýerleşendir. Bular hünärmenler bilen birlikde dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän kerwensaraýlardyr, köşklerdir, metjitlerdir, keramatly ýerlerdir. Utgaşdyryjy geňeşiň işine gatnaşan hünärmenler ol ýadygärlikleriň ençemesinde bolup, Türkmenistanda taryhy-medeni mirasa aýawly garamak baradaky döwlet syýasatynyň miwelerini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Aşgabat ylalaşygy biragyzdan kabul edildi.
UNESCO bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi Türkmenistanyň örän baý medeni-taryhy mirasyny, ajaýyp tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek barasyndaky bilelikdäki tagallalaryň güýçlendirilmegine berk esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljekde UNESCO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň sessiýalarynyň biriniň Türkmenistanda geçirilmegine bil baglaýar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary instituty.
«Watan», №140, 16.11.2013.