Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistan — Pakistan: ynamly geljege tarap
    Türkmenistan — Pakistan: ynamly geljege tarap surady
    30/11/-0001

    642

    Türkmenistan — Pakistan: ynamly geljege tarap

    Türkmenistan we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 9-njy maýynda ýola goýuldy. Pakistan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, ol Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen birnäçe başlangyçlaryň, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” we “Halkara bitaraplyk güni hakynda” kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilkinji günlerinden ýola goýlan söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy şu günlerde özüniň ýokary derejesini görkezýär. Türkmen-pakistan gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ösdürmek üçin mümkinçilikler ýylsaýyn artýar.
    Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasynyň geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly meýilnamalaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin geçirilýän çäreleriň netijesidir. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi energetika howpsuzlygyny we onuň durnuklylygyny üpjün eder. Sebitde söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň erkin daşalmagy üçin Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ulag-üstaşyr geçelgesini we demir ýollaryny, şeýle hem Merkezi Aziýa—Ýakyn Gündogar transport we tranzit geçelgesini gurmak ýaly geljege uzaýan taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy iki ýurduň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklaryň we birek-birege bolan ynamyň aýdyň subutnamasydyr.
    Ýeri gelende aýtsak, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we gadymdan gelýän ruhy-medeni gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas bolup durýar. Şeýle-de ylym-bilime, bank ulgamyna, derman senagatyna, maşyn gurluşygyna we söwda gatnaşyklaryna bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan köptaraplaýyn diplomatiýanyň esasynda, ýagny BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary alyp barýarlar. Şu ýylyň maý aýynda türkmen-pakistan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň görnükli syýasatçylary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ilerletmegiň wajyp wezipeleriň biridigini nygtadylar.

    Maral KARLYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI