Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistan Londonda ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
    Türkmenistan Londonda ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy surady
    01/12/2023

    1028

    Türkmenistan Londonda ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.
    Maýa goýum işinde daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ähmiýetli çäre hasaplanýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir maýa goýum taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da zerur şertleri döredýär. Şu maksat bilen biziň Watanymyz dünýä döwletleridir guramalary bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi göz öňüne tutýar.
    Şol maksatdan ugur alyp, 2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde “Türkmenistan maýa goýum we ösüş” atly halkara maýa goýum we ösüş forumy geçirildi.
    Foruma döwlet dolandyryşy we işewürlik ulgamynda iş alyp barýan 350-den gowrak wekiliýet gatnaşdy. Şeýle hem maýa goýum forumyna dürli ugurlarda işleýän Türkmenistanyň onlarça hususy kompaniýasy we aýry-aýry kärhanalary gatnaşdylar. Olaryň arasynda “Gujurly inžener” HJ, “Döwlet Gurluşyk” we “Mizemez gadam” ýaly gurluşyk kompaniýalary, “Bir Kuwwat” ulag we logistika kompaniýasy, “Balam” , “Owadan ülke” HJ ýaly azyk önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalar, guşçulyk bilen meşgullanýan hojalyk jemgyýeti bolan “Nurly meýdan”, şeýle-de “Ýigit” HJ, “Oguzabat” HJ we “Halkmarket” bellemeklik örän zerurdyr.
    Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) bellemegine görä, “Türkmenistan maýa goýum we ösüş” atly halkara maýa goýum we ösüş forumy halkara platformada ykdysadyýetiniň alty sany pudagynyň täjirçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Şol ýerde öňdebaryjy kompaniýalar Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyp, ýurduň geljekdäki ösüş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
    Forumyň barşynda infrastruktura we gurluşyk pudagyndaky häzirki taslamalara üns çekildi we halkara işewür toparlary bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri kesgitlenildi.
    Şeýle-de bu çäräniň dowamynda daşary ýurtly maýadarlar türkmen telekeçileriniň gazananlary, türkmen işewürligi bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy hem-de ulag we logistika pudagyndaky Türkmenistanyň ösüşi bilen tanyşdylar. Mundan baga-da, foruma gatnaşyjylara “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (TULM) alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
    Türkmenistanyň maýa goýumyna we ösüşine bagyşlanylan bu halkara forum 22-23-nji noýabr aralygynda geçirildi. Onuň esasy maksady bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekden we täze hyzmatdaşlygy döretmekden ybaratdyr.
    Bu ýerde esasy üns foruma gatnaşyjylardan Türkmenistanyň ösüşine maýa goýmak hem-de hyzmatdaşlyk etmek isleýänleriň arasynda bar bolan we özara gatnaşyklary berkitmekde, döretmekde jemlendi.
    London forumy Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň bilermenleri bilen duşuşyklar, iş gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle-de bilimleri we tejribeleri alyşmak üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilik boldy.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI