18/08/2025
34
Türkmenistan — Kanada: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimi
2025-nji ýylyň 13-17-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenlerinden düzülen türkmen wekiliýeti Kanadada iş saparynda boldular.
Saparyň esasy maksady, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, degişli ugurlar boýunça tejribe alyşmak we bilelikdäki täze taslamalary maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Kanadanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň okuw-usuly işleri bilen tanşyp, žurnalistika, media tehnologiýalary we maglumat serişdeleriniň dolandyrylyşy ýaly ugurlar boýunça tejribe alyşdylar.
Türkmen wekiliýeti saparyň dowamynda Kanadanyň CBC telekompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Suw serişdeleri, daşky gurşaw we saglyk boýunça institutynyň direktory professor Kaweh Madani, Halkara Biznes Departamentiniň (Department of International Business) professorlary bilen duşuşyk geçirildi. Soňra BMG-niň Uniwersitetinde (United Nations University) professor Taýeb Hafsi bilen duşuşyk boldy. Kanadanyň degişli üç uniwersitetinden üç sany professor hem bu duşuşyga sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Kanadaly kärdeşler bilen geçirilen duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, bilelikde okuw sapaklaryny guramak we talyplar üçin tejribe maksatnamalaryny döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň netijesinde iki ýurduň bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek, žurnalistika boýunça tejribe alyşmak we talyplar üçin halkara derejeli okuw sapaklaryny guramak boýunça başlangyçlar öňe sürüldi. Ýurdumyzyň ähli ulgamynyň hünärmenleriniň dünýä tejribelerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara ýar bolsun!
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.