Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ulag diplomatiýasy / Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ulag-ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
    Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ulag-ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar surady
    19/12/2023

    1119

    Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ulag-ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

    Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň mümkinçilikleri
    2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Tähranda geçirilen II sammitinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy baradaky resminama gol çekildi. 2014-nji ýylyň dekabrynda bäri «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» halkara demir ýol ýoly Ýewraziýa yklymynyň halklarynyň bähbidine-de hyzmat edýär. Bu demir ýol indi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlarynyň arasynda däl, eýsem, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň üsti bilen hem yzygiderli harytlary üstaşyr amala aşyrmaga mümkinçilikleri açdy.
    Olaryň hatarynda, «Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran», «Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan», «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe» ugurlar boýunça ulag üstaşyr taslamalary geljekde dünýäniň birnäçe döwletlerine göni çykalgany açýar.
    Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesi
    Türkmenistan häzir Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenýär. Pars aýlagynyň geosyýasy, geostrategik, geoykdysady ähmiýeti hasaba alnanda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen Orta Aziýa -Ýakyn Gündogar (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) ulag geçelgesiniň taslamasy örän ähmiýetlidir. Oňa birnäçe goňşy döwletler gyzyklanma bildirdi we netijede, 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda hökümetara Ylalaşyga gol çekildi. Bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa, Eýran we Pars aýlagynyň ýurtlary, arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga ýardam berer. Ol Ýakyn Gündogara göni çykmak üçin mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Ylalaşyga Gazagystan, Katar we Hindistan goşuldy, geljekde Pakistanyň goşulyşmagyna garaşylýar.
    2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisinde «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe» ugry boýunça Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Halkara multimodal geçelgesiniň Teswirnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda geljekde taslama gatnaşyjy döwletler demir ýollary bilen amatly nyrhlarynyň esasynda haryt daşamak üçin şertleriň döredilmegini, ýükleri daşamaga gatnaşýan ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmakda mümkinçilik dörediler. Mundan başgada «Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran», we «Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe» ugurlar boýunça ulag üstaşyr taslamalaryny döretmeklik barada duşuşyklar geçirilýär. Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
    2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny beýan etdiler. Şeýle-de mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi geljekde awtomobil ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimi giňelder. Ýeri gelende bellesek, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine 100-e golaý eýran kompaniýasynyň önümleri gatnaşdylar. Öz gezeginde Eýran kompaniýalary bilen Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça birnäçe işewürlik gepleşikleri hem geçirdiler.

    Perhat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY surady

    18/03/2025

    ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
    ULAG DIPLOMATIÝASY OKUW MERKEZINDE OKUW SAPAKLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILÝÄR surady

    01/03/2025

    ULAG DIPLOMATIÝASY OKUW MERKEZINDE OKUW SAPAKLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILÝÄR
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    26/12/2024

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI