12/07/2025
71
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
2025-nji ýylyñ 13-15-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Rostow-na-Donu şäherinde «Häzirki zaman ykdysadyýetinde dolandyryşyň tehnologiýalary: ugurlary we geljegi» atly V Halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew sanly ulgam arkaly «Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri» temasy bilen çykyş edip, degişli şahadatnama mynasyp boldy. Şeýle hem, ady agzalan halkara ylmy maslahatyň ýygyndysynda mugallymyň makalasy çap edildi.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň 13-23-nji marty aralygynda «Ykdysadyýetde we bilimde dolandyryşyň (menejmentiň) tehnologiýalary» atly Günorta Federal Uniwersitetiniň ýokary bilim berýän Federal Döwlet awtonom bilim edarasynyň gurnamagynda hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda daşary ýurtly professor-mugallymlar okatmagyň häzirki zaman usullary, sanly ykdysadyýet we menejment ýaly temalar dogrusynda pikir alyşdylar. Onuň ahyrynda P.Çaryýewe okuwyny tamamlandygyny tassyklaýan ýörite Şahadatnama mynasyp boldy.
Ýurdumyzda döwrebap șertlerde okamaga, öwrenmäge, we hünär derejelerini kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär
Ýupar Egirjäýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň talyby.