Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Transport diplomacy / Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ulag-ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
    Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ulag-ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar surady
    19/12/2023

    1116

    Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ulag-ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

    Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň mümkinçilikleri
    2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Tähranda geçirilen II sammitinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy baradaky resminama gol çekildi. 2014-nji ýylyň dekabrynda bäri «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» halkara demir ýol ýoly Ýewraziýa yklymynyň halklarynyň bähbidine-de hyzmat edýär. Bu demir ýol indi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlarynyň arasynda däl, eýsem, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň üsti bilen hem yzygiderli harytlary üstaşyr amala aşyrmaga mümkinçilikleri açdy.
    Olaryň hatarynda, «Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran», «Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan», «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe» ugurlar boýunça ulag üstaşyr taslamalary geljekde dünýäniň birnäçe döwletlerine göni çykalgany açýar.
    Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesi
    Türkmenistan häzir Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenýär. Pars aýlagynyň geosyýasy, geostrategik, geoykdysady ähmiýeti hasaba alnanda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen Orta Aziýa -Ýakyn Gündogar (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) ulag geçelgesiniň taslamasy örän ähmiýetlidir. Oňa birnäçe goňşy döwletler gyzyklanma bildirdi we netijede, 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda hökümetara Ylalaşyga gol çekildi. Bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa, Eýran we Pars aýlagynyň ýurtlary, arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga ýardam berer. Ol Ýakyn Gündogara göni çykmak üçin mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Ylalaşyga Gazagystan, Katar we Hindistan goşuldy, geljekde Pakistanyň goşulyşmagyna garaşylýar.
    2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisinde «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe» ugry boýunça Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Halkara multimodal geçelgesiniň Teswirnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda geljekde taslama gatnaşyjy döwletler demir ýollary bilen amatly nyrhlarynyň esasynda haryt daşamak üçin şertleriň döredilmegini, ýükleri daşamaga gatnaşýan ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmakda mümkinçilik dörediler. Mundan başgada «Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran», we «Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe» ugurlar boýunça ulag üstaşyr taslamalaryny döretmeklik barada duşuşyklar geçirilýär. Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
    2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny beýan etdiler. Şeýle-de mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi geljekde awtomobil ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimi giňelder. Ýeri gelende bellesek, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine 100-e golaý eýran kompaniýasynyň önümleri gatnaşdylar. Öz gezeginde Eýran kompaniýalary bilen Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça birnäçe işewürlik gepleşikleri hem geçirdiler.

    Perhat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy

    Latest News

    A TRAINING SESSION DEDICATED TO TRANSPORTATION AND LOGISTICS surady

    18/03/2025

    A TRAINING SESSION DEDICATED TO TRANSPORTATION AND LOGISTICS
    SUCCESSFUL TRAINING SESSIONS AT THE TRANSPORT  DIPLOMACY surady

    01/03/2025

    SUCCESSFUL TRAINING SESSIONS AT THE TRANSPORT DIPLOMACY
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    26/12/2024

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI