Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR PUGTALANÝAR
    TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR PUGTALANÝAR surady
    03/12/2023

    1031

    TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR PUGTALANÝAR

    Türkmen diplomatiýasynyň häzirki zaman ösüşi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň köpugurly kuwwatyny has doly derejede durmuşa geçirmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy babatda öňden gelýän we üstünlikli dowam edýän, döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy bellemek zerurdyr.
    Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň halklaryny umumy taryhy hem-de köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Gatnaşyklaryň geçen taryhy döwrüniň içinde ýurtlarymyzyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlykda oňyn tejribe gazanyldy. 2008-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasyna ilkinji saparyny amala aşyryldy. Bu sapar iki dostlukly döwleti birleşdirýän gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine gönükdirilen ylalaşyklaryň baglaşylmagyna itergi berdi.
    Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet ýolbaşçysy 2008-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda ýurdumyza iş saparyny amala aşyrdy. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gepleşikleriniň barşynda energetika, ulag, ykdysadyýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Bu bolsa döwletleriň umumy ösüş ugrunda doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine özara ygrarlydygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda hem-de 2015-nji ýylyň iýun aýynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparlary hem örän netijeli boldy. 2010-njy ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuda geçen Hazarýaka döwletleriniň 3-nji sammitiniň işine gatnaşmak bilen hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň suw, biologik çeşmeleriniň goralmagy we netijeli ulanmagy, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we duýdurmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny öňe sürdi. 2015-nji ýylda Milli Liderimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugrunyň ösdürilmegine ýardam berdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösdürilmegine Gahryman Arkadagymyzyň 2017-nji ýylyň 8-9-njy awgustynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary möhüm ähmiýete eýe boldy. Ikitaraplaýyn we giňişleýin çäkde geçen gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça resminamalar baglaşyldy. Munuň özi bolsa däp bolan dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň ösýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, medeniýet, ylym, maglumat, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň geriminiň giňemegi döwletleriň dostluga ýugrulan gatnaşyklarynyň täze derejä çykýanlygyndan habar berýär.
    Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapynyň agzalarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşe gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň düýp mazmuny, dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri beýan edildi. Mälim bolşy, ýaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeler iki döwletiň özara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biziň halklarymyzy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
    Dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkejekdigine berk ynanýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde alyp barýan umumadamzat ähmiýetli, asyrlara mynasyp işleri rowaç bolsun, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Amanmyrat MYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI