10/10/2024
464
TÜRKMENISTAN — ABŞ: bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasy
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda resmi saparda boldy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekilleri, wekiliýete bilim ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Saparyň esasy maksady bilim pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we alyş-çalyşlary giňeltmek, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen bilim babatda hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde täze başlangyçlary girizmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Educational Testing Service (ETS) guramasynyň hökümet we daşary gatnaşyklar boýunça direktory Şennon Eşpol Litton bilen wajyp duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ETS-iň işine syn berildi we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ugurlar teklip edildi. Şeýle hem SAT, ACT, GRE, GMAT, TOEFL testleriniň esasynda iň täze tehnologiýalary, şol sanda emeli intellekti ulanmak bilen test soraglaryny işläp taýýarlamagyň usulyýetini döretmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi. Mugallymlaryň bilimlerini barlamak we olary sertifikatlaşdyrmak üçin PRAXIS testlerini geçirmek usulyýetini öwrenmek mümkinçiligi ara alnyp
maslahatlaşyldy.
ABŞ-da iş saparynda bolan türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim hyzmatdaşlygyna bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň bilim we diplomatik edaralarynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselesi bilen bagly boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyrynyň netijesinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilipdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda AC Language School halkara hil standartlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň zähmet bazarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyklykda ýörite niýetlenen okuw kurslaryny işläp düzmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ-a resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasarynyň Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça Geňeşiň (CHEA) wekilleri – Ykrar etmek meseleleri boýunça wise-prezident Loretta S. Uoldron we ylmy-barlaglar hem-de syýasy seljerme işleri boýunça wise-prezident Mişel Klawil bilen netijeli onlaýn duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň akkreditasiýa ulgamyny halkara derejesine çykarmak we bilim maksatnamalaryny akkreditasiýa etmekde dünýäde gazanylan öňdebaryjy tejribelerini ýurdumyzda ornaşdyrmagyň meseleleri duşuşygyň esasy temasy boldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Tod Dýakon bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň arasynda üç sany özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekildi, olar: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty we Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty. Bu ylalaşyklar akademiki maksatnamalary giňeltmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary döretmegi we ýurtlaryň arasynda medeni alyş-çalyşlary güýçlendirmegi
maksat edinýär.
Türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäginde Kent döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik filosofy we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan uly göwrümli medeni çäre geçirildi. Bu waka Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň saparynyň möhüm bölegine öwrüldi. Çäräniň çäklerinde guralan sergä aýratyn üns berildi.
Saparyň dowamynda Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýol kartasynyň taslamasy we hyzmatdaşlygyň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, geljekde Kent uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagyna esas boljak Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň esasynda bilelikdäki okuw meýilnamalaryny, şeýle hem goşa maksatnamalary işe girizmek boýunça işe başlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň SUSI, Fulbright, IVLP we başga maksatnamalarynyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutuldy.
Kent uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler, şeýle hem esasy fakultetlere baryp görmek bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýokary mümkinçilikleri görkezdi. Taraplar ýakyn geljekde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrjak ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegi maksat edinýär. Türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary ýokary netijeli bolmak bilen, ynsanperwer ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berdi.
Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Çeşme: “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazeti – 10.10.2024 ý. // https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-25-108_4425