32
ONLAÝN-MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda onlaýn maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgama geçilmegi, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, dünýä tejribesinde ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Şeýle onlaýn maslahatlaryň yzygiderli guralmagy talyp ýaşlaryň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna, olaryň bilim endikleriniň, ylmy garaýyşlarynyň kämilleşdirilmegine uly goşant goşýar.
Ogulmaýa ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.