36
“EMELI AŇYŇ AÝRATYNLYKLARY WE ONY ORNAŞDYRMAGYŇ DÜNÝÄ DEREJESINDÄKI TEJRIBESI” ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Emeli aňyň aýratynlyklary we ony ornaşdyrmagyň dünýä derejesindäki tejribesi” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Bu okuw sapagyny institutyň Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölüminiň esasy hünärmeni Kerim Ýowbagşyýew alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda emeli aň düşünjesi, onuň gelip çykyşy, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar döwründe ösüşi we kämilleşdirilişi, şeýle hem onuň dünýä derejesinde tutýan möhüm orny we ýetirýän täsiri barada gürrüň berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda gatnaşyjylar bilen geçirilen pikir alyşmalar onuň täsirliligini artdyrdy.
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
27/10/2025
ONLAÝN-MASLAHAT GEÇIRILDI