Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar
    21/02/2024

    4335

    Türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar

    2024-nji ýylyň 12-16-njy fewraly aralygynda ýurdumyzyň ajaýyp künjeginde – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar” atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa bu jemgyýetçilik guramasynyň işjeň agzalary bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Türkmenbaşy şäherinde bäş günüň dowamynda geçirilen okuw maslahatynyň giňişleýin meýilnamasynyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümize sowgat beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň biziň elimize gelip gowuşmagyna, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine we ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde eýeleýän ornuna bagyşlanan birnäçe çäreler guraldy. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy G.Çopanowa hem gatnaşdy.
    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalaryny gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryna jemlän okuw maslahatynyň çäginde guralan Türkmenbaşy – Gyzylsuw adasy – Türkmenbaşy ugry boýunça ýokary tizlikli “Rowaç” ýolagçy gämisinde deňizde gezelenç, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşyndaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda we “Seýrana” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahatlar, “Hazar” myhmanhanasynda guralan medeni çäreler, tegelek stollar, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” sagaldyş merkezinde ýaýbaňlandyrylan aýdym-saz agşamlary, halk senetleriniň we el işleriniň sergileri ähli gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşigi täzeleniş döwrüniň häzirki döwrebap tapgyrynda zenanlarymyzyň jemgyýetçilik işjeňligini gazanmak babatynda iş alyp barýan esasy guramadyr.
    1992-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolup durýar. Bu gurama özüniň düzümine dürli hünärli we dürli ýaşly müňlerçe zenanlary birikdirýär. Ýurduň bäş welaýatynda, Aşgabat şäherinde, etraplarda we şäherlerde ilkinji zenanlar guramalary döredildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň köpugurly işleri zenanlaryň raýatlyk düşünjelerini oýarmaga, olaryň biziň jemgyýetimizdäki sosial işjeňligini ýokarlandyrmaga, zenanlara durmuş, hukuk ýardamyny bermäge, maşgala durmuş kömegini bermäge, eneleri we çagalary goramaga, zenanlaryň hünär, fiziki, ruhy we intellektual geljegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda uly güýç bolup çykyş edýär.
    Zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gender syýasaty babatda anyk wezipeleri durmuşa geçirmäge iňňän jogapkärli çemeleşilýär.
    Bularyň ählisi ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda halkara standartlaryny geljekde hem ilerletmekde oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam bermek bilen, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Ählumumy gün tertibiniň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibiniň hem-de Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça onýyllyk hereketleriň, Pekin Jarnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda işlenip taýýarlanylan beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryň wezipelerini çözmegiň hatyrasyna sebit gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda netijeli ädimdir.
    Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda olaryň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin Aziýa ösüş bankynyň “CAREC” maksatnamasynyň medalynyň we degişli güwänamasynyň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr.
    Zenan mertebesini hormatlamak, gender syýasatyny ilerletmek we jemgyýetde oňyn durmuş kadalaryny öňe sürmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

    Gülälek ÇOPANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy,
    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy.

    Soňky täzelikler

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitaby boýunça kitap okamak bäsleşigi surady

    01/05/2025

    «Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitaby boýunça kitap okamak bäsleşigi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI