27/06/2023
                        997
Türkmen telekeçileri Türkiýede geçirilýän "Growtech 2023" sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde rowaçly ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini mähriban Watanymyzyň dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýanlygy hem  aýdyň görkezýär. 
Türkmenistan bilen Türkiýe halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba  almak  arkaly  umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
Taryha nazar salsak,  2022-nji ýylda  geçirilen bu  halkara  sergä 123 ýurtdan jemi 58 müň 555 sany myhman we bu ugurda iş alyp barýan birnäçe kompaniýalar gatnaşdy. 
Doganlyk döwletimiz bolan Türkiýe ýene-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny 2023-nji ýylyň 22-25-nji noýabry aralygynda  Türkiýäniň  Antalýa  şäherinde  geçiriljek "Growtech 2023" atly 22-nji Halkara Ýyladyşhana, oba-hojalyk tehnologiýalary we maldarçylyk enjamlary sergisine çagyrylýar. 
"Growtech" ýyladyşhana tehnologiýasy we enjamlary, suwaryş ulgamlary we tehnologiýalary, tohum we nahal ösdürip ýetişdirmek, ekinleri goramak ulgamynda iş alyp barýan halkara myhmanlary we öňdebaryjy kompaniýalary bir ýere jemleýär. “International Conferences”, “Growtech Agriculture Talks” we “ATSO Growtech Agricultural Innovation Awards” ýaly çäreler sergi pudagynda özboluşly mümkinçiligi üpjün edýär.
Bu sergä iň köp gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji onlugyna Eýran, Iordaniýa, Müsür, Yrak, Russiýa, Azerbaýjan, Marokko, Özbegistan, Liwan we Gazagystan girýänligi barada hem aýdylyp geçilýär.
Türkmenistan we  Türkiýe  bar  bolan  mümkinçilikleri  göz  öňünde  tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy.
Çeşme:
                    
                Soňky täzelikler
                            03/11/2025
TÜRKMEN MANADYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA
                            30/10/2025
MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ MÖHÜM PUDAGY
                            30/10/2025
HALK MASLAHATY — HALKYŇ GALKYNAN YKBALY