11/09/2026
83
TÜRKMEN TALYPLARY ASTANADA «KIТAP-TIME-2026» FESTIWALYNA GATNAŞDYLAR
2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Milli akademiki kitaphanasynda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň goldawy bilen «Kitap-Time-2026» atly V kitap festiwaly geçirildi. Bu medeni çärä Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň (Astana ş.) wekilleri, şeýle hem ilçihanada önümçilik tejribeligini geçýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem gatnaşdylar.
Kitap festiwaly dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda edebiýat, medeniýet we bilim ugurlary boýunça tejribe alyşmak, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy. Onuň dowamynda döredijilik duşuşyklary, kitap tanyşdyryşlary we dürli medeni çäreler geçirildi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň bu foruma gatnaşmagy türkmen-gazak medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň, şeýle hem medeni diplomatiýanyň netijeli ilerledilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Festiwala dostlukly döwletde 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçýän türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň hem gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle çäreler ýaş hünärmenlere halkara gurşawynda geçirilýän medeni-diplomatik çäreleriň işine gatnaşmaga, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamaga we nazaryýetde alan bilimlerini amaly tejribe bilen baýlaşdyrmaga oňyn mümkinçilik berýär. Talyplaryň önümçilik tejribeliginiň dowamynda şeýle iri forumlara gatnaşmagy diplomatik aragatnaşygy we medeniýetara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, geljekki halkaraçy hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Begnazar BEGNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
12/09/2026
Tejribe — kämilligiň gözbaşy
04/09/2026
ONLAÝN USULY-OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI