970
Türkmen-Täjik gatnaşyklary
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Belläp geçsek, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherine bardy. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Soňra Milli kitaphananyň uly mejlisler zalynda Türkmen-täjik işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň birnäçe döwlet kärhanalarynyň we hususy düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 20-den gowrak resminama gol çekildi. Bu çäreler bilen ugurdaşlykda Täjigistan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem Duşenbe şäherinde «Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi” atly “tegelek stoluň” başyndaky halkara maslahat geçirildi. Onuň işine Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, degişli ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary gatnaşdylar. Çykyşlarda innowasion bilim tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, seýsmologiýa we seýsmodurnukly gurluşyk babatda hyzmatdaşlyk ýaly möhüm meselelere deglip geçildi. 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşy aldylar. Saparyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň gatmaşmagynda ikiçäk we iki ýurduň giňeldilen düzümdäki ýokary derejeli gapleşikleri geçiriler. Türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa türkmen-täjik gatnaşyklaryny täze hemde ýokary derejä çykarar.
Olar, hususan-da, şu aşakdakylardan ybarat:
- Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda saglyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk;
- Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda halkara kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk;
- Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda tehniki maglumatlary goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek barada Teswirnama;
- Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ösümlik karantini pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk;
- Täjigistan Respublikasynyň hökümeti bilen Türkmenistan hökümetiniň arasynda weterinariýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligi bilen arasynda 2023 — 2025-nji ýyllar aralygynda oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin «Ýol kartasy»;
- Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli bankynyň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi departamentiniň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda serhetden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Mary welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady aragatnaşygy amala aşyrmak hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugd oblastynyň döwlet ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy);
- Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama;
- Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Senagatda işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik we dag gözegçiligi boýunça döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
- Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky «Howar» milli habarlar agentliginiň arasynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Duşenbede bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen bilelikde göni wideoaragatnaşyk arkaly dostlukly ýurduň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Döwrebap tehnologiýalary, kompýuter enjamlaryny, kitaphanany, naharhanany, sport meýdançalaryny we beýleki düzümleri öz içine alýan bu orta bilim ojagynyň gurluşygy Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, doganlyk täjik halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde amala aşyrylar. Şu gün mekdebiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli guralýan dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ylym-bilim, medeniýet, jemgyýetçilik wekilleriniň bir toparynyň Dusti etrabynda bolýandyklary hem iki halkyň dostlugyndan nyşandyr. Häzirki wagtda Täjigistanyň çäginde türkmenleriň 25 müňe golaýy ýaşaýar. Bu ýurtda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň 5-si hereket edýär. Türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Dusti etrabynyň çäginde Magtymgulynyň adyny göterýän mekdebiň gurulmagy bolsa hem doganlyk halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmakda, hem dostlukly ýurtda akyldar şahyryň mertebeli adyny ebedileşdirmekde örän ähmiýetli başlangyçdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy. «Dusti» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Serdar Berdimuhamedow Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samany döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady.
Ýusup MAŞADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI