Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMEN-TÄJIK GATNAŞYKLARY AÝDYŇ ÝOLLARYNDA
    TÜRKMEN-TÄJIK GATNAŞYKLARY AÝDYŇ  ÝOLLARYNDA surady
    11/05/2023

    1172

    TÜRKMEN-TÄJIK GATNAŞYKLARY AÝDYŇ ÝOLLARYNDA

    Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony hemmetaraplaýyn ösdürýärler. Geçen on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň 13 sany döwlet, resmi we iş saparlary guraldy, şonuň ýaly-da, halkara duşuşyklardyr forumlaryň çäklerinde bilelikdäki çäreleriň ençemesi geçirildi. Iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, däp-dessurlaryň we gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir.


    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Teswirnama gol çekmek arkaly diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular we deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýarlar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslandy hem-de bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.


    Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar iki ýurduň geosyýasy taýdan ýerleşiş nukdaýnazaryndan ugur alyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda yzygiderli ösdürilýär. Şunda taraplaryň ýokary derejede halkara we sebit gün tertibi boýunça geçirýän geňeşmeleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde işjeň ösdürilýär. Muňa iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan önjeýli hyzmatdaşlygy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Täjigistan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa ugurly halkara başlangyçlaryny, şol sanda ýurdumyzyň halkara we sebit derejesindäki guramalara hem-de olaryň ýolbaşçy düzümlerine agzalyga saýlanmagyny hemişe goldaýar. Dostlukly ýurt BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalaryny goldady, şeýle-de energetika howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, her ýylyň 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly we beýleki ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.


    Mundan başga-da, iki ýurduň köptaraplaýyn we milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilelikdäki işler hem netijeli alnyp barylýar. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň şahalaryny» agzalan sanawa girizmek boýunça teklipler taýýarlanyldy we bu ugurda sazlaşykly işler dowam etdirilýär. 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň mejlisler otagynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler” atly tema boýunça tegelek stol geçirildi.


    Tegelek stol başlanmazdan ozal oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň kitaplarynyň we neşirleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň stendlerinde aýratyn orny Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri eýeledi. Iki ýurduň alymlary okuw prosesini sanlylaşdyrmak üçin innowasion bilim tehnologiýalaryny, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny döretmegiň we ornaşdyrmagyň ähmiýetini, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriň pudaklarynyň innowasion ösüşini, derman ösümlikleriniň biodürlüligini öwrenmek we olary adaty lukmançylykda ulanmak ýaly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.


    Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda geçirilen bu çäre iki ýurduň ylmy jemgyýetleriniň arasynda özara peýdaly we täsirli hyzmatdaşlygyň ösmegine we mundan beýläk-de çuňlaşmagyna täze itergi berer.


    Sülgün NEPESOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI