05/07/2023
                        855
Türkmen önümleri Seulda geçirilen import harytlarynyň sergisinde görkezildi
2023-nji ýylyň 29-njy iýundan  1-nji iýuly aralygyndaky döwürde  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen  “Korea Import Fair”  atly XX  import harytlaryň  sergisiniň işine  işjeň gatnaşdylar. Olar dünýäniň 50 ýurdundan gelen  iri kompaniýalaryň 150-den gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara sergisinde   ýokary hilli  türkmen    önümlerini   görkezdiler. 
Sergä gelenler Türkmenistanyň milli powilýonynda “Aý Mähri”, “Nurly Goza” ýaly  türkmen kompaniýalary we beýleki firmalary  tarapyndan ýerleşdirilen   türkmen halylaryny, ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, nah we ýüpek matalaryny hem-de  olardan tikilen egin-eşikleriň  dürli görnüşlerini  synlamaga giň mümkinçik tapdylar. 
Seulda geçen bu halkara import harytlarynyň sergisinde türkmen harytlary bu  halkara çäresine gatnaşyjylarda   uly gyzyklanma döretdi.
Baýmuhammet ATAÝEW,
Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
                    
                Soňky täzelikler
                            03/11/2025
TÜRKMEN MANADYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA
                            30/10/2025
MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ MÖHÜM PUDAGY
                            30/10/2025
HALK MASLAHATY — HALKYŇ GALKYNAN YKBALY