05/07/2023
554
Türkmen önümleri Seulda geçirilen import harytlarynyň sergisinde görkezildi
2023-nji ýylyň 29-njy iýundan 1-nji iýuly aralygyndaky döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “Korea Import Fair” atly XX import harytlaryň sergisiniň işine işjeň gatnaşdylar. Olar dünýäniň 50 ýurdundan gelen iri kompaniýalaryň 150-den gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara sergisinde ýokary hilli türkmen önümlerini görkezdiler. Sergä gelenler Türkmenistanyň milli powilýonynda “Aý Mähri”, “Nurly Goza” ýaly türkmen kompaniýalary we beýleki firmalary tarapyndan ýerleşdirilen türkmen halylaryny, ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, nah we ýüpek matalaryny hem-de olardan tikilen egin-eşikleriň dürli görnüşlerini synlamaga giň mümkinçik tapdylar. Seulda geçen bu halkara import harytlarynyň sergisinde türkmen harytlary bu halkara çäresine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Baýmuhammet ATAÝEW,
Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI