Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen — koreý medeni gatnaşyklary pugtalandyrylýar
    Türkmen — koreý medeni gatnaşyklary pugtalandyrylýar surady
    31/10/2023

    1306

    Türkmen — koreý medeni gatnaşyklary pugtalandyrylýar

    1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitindäki iri hyzmatdaşlaryň biri bolup durýan Koreýa Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär we işjeňleşýär. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem giň gerime eýe bolýar. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy. Türkmenistan döwletimiz Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berip, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýokary tehnologiýaly senagat, ulag-aragatnaşyk, ylym we medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üns merkezinde saklaýar.
    2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Seul şäherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Günorta Koreýanyň «KEXIM» eksport-import banky, «K-SURE» Koreýa söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy, «Hyundai Engineering», «Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Omnisystem Co Ltd», Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary ylmy-barlag instituty, (KOMERI), «BS Medical», «Chungdo Pharm.», «Yuwonmeditech», «Olive Union», hem-de «Poonglim Pharmatech» lukmançylyk enjamlary öndürýän kompaniýalary, «SK Telecom» Günorta Koreýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy, şeýle hem «LS Cable & System», «LG CNS», «STEALIEN», «ROVIGOS» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Ýeri gelende bellesek, döwletimize «Hyundai Motor Compani» zawodynda öndürilen «Hyundai» kysymly awtobuslar yzygiderli getirilýär. Şeýle-de, Koreýanyň «LG» «Samsung», «Daewoo» kompaniýalary «Awaza» mili syýahatçylyk zolagyndaky taslamalarda işjeňlik görkezdi.
    Iki ýurduň ylym we bilim, medeniýet we syýahatçylyk babatda gatnaşyklar barha ösdürilýär. Dostlukly ýurduň alymlary, döredijilik wekilleri ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryň we festiwallaryň işine yzygiderli gatnaşýarlar. 2014-nji ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan ylmy konferensiýa geçirildi. Aşgabatda şanly sene mynasybetli şahyryň goşgular ýygyndysynyň koreý dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi baýramçylyk çäreleriniň özboluşly dowamyny alamatlandyrdy.
    2023-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Koreýa Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda aýdym-sazly konsert bolar. Koreýa Respublikasynyň «ONDO» topary meşhur K-Pop aýdymlary bilen birlikde, dürli koreý aýdymlaryny ýerine ýetirer.
    Bu çärä gatnaşyjylaryň arasynda diplomatik korpusyň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, koreý medeniýetiniň köp sanly muşdaklary we paýtagtymyzyň myhmanlary bolar.

    Aýmyrat MUHAMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklar hünäriniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI