Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen - koreý dostlugy: hoşniýetli gatnaşyklaryň nusgasy
    Türkmen - koreý dostlugy: hoşniýetli gatnaşyklaryň nusgasy surady
    11/06/2024

    827

    Türkmen - koreý dostlugy: hoşniýetli gatnaşyklaryň nusgasy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goňşy we alys döwletler bilen alyp barýan hoşniýetli we iki taraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň gerimi günsaýyn ilerleýär. Halkara gatnaşyklary ulgamyny has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyklary has-da berkitmek ýaly meseleler boýunça maksatnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Daşary gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan Türkmenistan döwletimiziň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň sany barha artýar. Şeýle gatnaşyklara Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn bähbitli, hoşmeýilli gatnaşyklary mysal getirmek bolar. Bu aýdylanlara Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly Ýun Sok Ýoluň 10-11-nji iýun aralygynda iki günlük döwlet sapary bilen biziň ýurdumyza gelmegi we iki ýurduň arasynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy aýdyň subutnamasydyr.
    Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň kökleri gadymyýete uzaýar. Şol sanda iki dostlukly halkyň arasynda birnäçe umumylyklaryň we meňzeşlikleriň bardygyny-da bellemek gerek. Bu iki halk hem gadymy taryhly, medeni mirasly halkdyr. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy täsin ruhy mirasa we maddy medeniýete eýe, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna hem-de olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl döredijilik toparlarynyň, şol sanda teatr, tans, folklor-etnografiýa we çeperçilik toparlarynyň arasynda gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Şeýle hem kinematografiýa we teatr sungaty ulgamynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär.
    Edil türkmenlerde bolşy ýaly, kiçini sylamak we ula sarpa goýmak ýaly sypatlar koreý halkynyň hem medeniýetiniň gözbaşynda durýar. Şeýle ýakynlyklary bolan iki halkyň arasynda üçünji müňýyllykda has ýakyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyna, olary hil taýdan has belent derejä çykarmagyň zerurdygyna ýokary üns berilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda Koreýanyň Medeniýet günleri we Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär.
    Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň bu gezekki döwlet sapary-da köpasyrlyk dostlugyň berk binýadyna hem-de taryhy köklere esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de sapar iki döwletiň parlamentara gatnaşyklarynda, hem-de syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka öwrüler.

    Aýşirin DÖWLETOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI