17/05/2023
2008
Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň degişli güwänamalaryny gowşurdy.
Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Özüniň bezeg aýratynlygy, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, millilik ruhuny görmek bolýar.Türkmen zenanlarynyň duýgusyndan, gözelliginden, nepis döredijiliginden gözbaş alýan keşdeler öz gymmatyny häzirki günlerimizde-de ýitirmän gelýär. Türkmeniň “Keşdeçilik sungatynyň” Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetini ykrar etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýeri gelende aýtsak geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi. Bu sanawyň has-da baýlaşmagy Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň ajaýyp miweleri bolup, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Aýgözel AŞIROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy