30/11/-0001
612
Türkmen – italýan gatnaşyklary ösmegiň aýdyň ýolunda
Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlyk edýän döwletleriniň biri. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy.
2009-njy ýylyň 24–25-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary boldy. Şonda Mähriban Arkadagymyz Rimde Italiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Silwio Berluskoni bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen–italýan gatnaşyklarynyň ýokarlanýan depginini kanagatlanmak bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň potensialyna ýokary baha berdi we Türkmenistanyň şol hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge üýtgewsiz taýýardygyny tassyklady.
Iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyny döretjek ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi. Olaryň arasynda maýa goýumlaryny goldamak we goramak barada Türkmenistanyň Hökümetiniň we Italiýa Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyk; Medeni taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Medeni baýlyklar we medeniýet babatdaky iş ministrliginiň arasyndaky Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň Söwda, senagat, senetçilik we agrar edaralary birleşiginiň arasyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň we «ENI S.p.A.» kompaniýasynyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.
Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň 2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistana iş sapary işjeň hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Saparyň jemleri boýunça Italiýanyň «ENI» kompaniýasy bilen uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak baradaky resminamalara gol çekildi.
2014-nji ýylyň oktýabrynda açylan «Berzeňňi» mineral bejeriji suwuny öndürýän kärhanada «Korfil» italýan kompaniýasynyň tehnologiýasy ornaşdyryldy. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana Italiýanyň «Housing», «Kansan», «Uslupak», «Fungilab» kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanada hem italýan tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bereket şäherindäki ýod önümçiligi kärhanasynda Italiýanyň Aqualine 1 «Housing» kompaniýasynyň osmos enjamy oturdyldy. Garabogaz şäherinde gurulýan karbamid önümçiliginde ornaşdyrylar.
Ýangyç-energetika, söwda, dokma, azyk senagaty, öňdebaryjy tehnologiýa pudaklary iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hasaplanýar. Italiýanyň «Eni» nebit-gaz kompaniýasy türkmen uglewodorod serişdelerini işläp bejermäge gatnaşmaga isleg bildirýär.
2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Aşgabatda birinji türkmen-italýan biznes–forumy geçirildi. Italiýanyň «Pietro Fiorentini» kompaniýasy 2009-njy ýyldan başlap «Türkmengaz» döwlet konserni bilen uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça öz önümlerini ibermek bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ol tebigy gazyň çykarylyşyny sazlamak, ölçemek we arassalamak boýunça ulgamlary öndürýär.
Iki döwletiň gatnaşyklary medeni-gumanitar ulgamda hem işjeň dowam etdirilýär. 2006-njy ýylda türkmen alymlary Italiýada, Watikanda bolup, türkmen halkynyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly golýazmalaryň ençemesiniň nusgasyny ata Watanymyza getirdiler. Italiýanyň Turin uniwersitetiniň professorlary Antonio Inwernissi, Karlo Lippolis Nusaýda ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda arheologiýa gazuwlaryny geçirýärler. Ligabuýe uniwersitetiniň professory Gabriell Rossi Osmida Mary welaýatynyň Ajyguýy oazisinden türkmen alabaýynyň sulbasyny tapdy. Agzalan uniwersitetiň alymlary Goňurdepede 10 ýylyň dowamynda geçiren barlaglarynyň netijesi barada 2003-nji ýylda «Margiana Goňurdepe gonamçylygy» atly kitaby giň okyjylar köpçüligine ýetirdi.
Atçylyk iki ýurduň hyzmatdaşlygynda üns berilýän ugurlaryň biridir. Italiýanyň «Saddletrip» kompaniýasy «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VI halkara ylmy maslahatyna we ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkasyna işjeň gatnaşdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk sungatynyň festiwalynda ajaýyp ýeňiş gazandy.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Matarella bilen 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Mähriban Arkadagymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi. Şeýle hem türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişi iş toparyny döretmek hem-de her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň Ykdysadyýetiniň günini geçirmek teklip edildi.
Şeýle-de söhbetdeşlikde birnäçe taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamalaryň hataryna Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanalary, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar hem bardyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Italiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýär. Esasan hem, Türkmenistan häzirki wagtda Italiýanyň “ENI” hem-de “Leonarda” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň
mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI