Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmen – italýan gatnaşyklary ösmegiň aýdyň ýolunda
    Türkmen – italýan gatnaşyklary ösmegiň aýdyň ýolunda surady
    30/11/-0001

    918

    Türkmen – italýan gatnaşyklary ösmegiň aýdyň ýolunda

    Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlyk edýän döwletleriniň biri. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy.
    2009-njy ýylyň 24–25-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary boldy. Şonda Mähriban Arkadagymyz Rimde Italiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Silwio Berluskoni bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen–italýan gatnaşyklarynyň ýokarlanýan depginini kanagatlanmak bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň potensialyna ýokary baha berdi we Türkmenistanyň şol hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge üýtgewsiz taýýardygyny tassyklady.
    Iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyny döretjek ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi. Olaryň arasynda maýa goýumlaryny goldamak we goramak barada Türkmenistanyň Hökümetiniň we Italiýa Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyk; Medeni taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Medeni baýlyklar we medeniýet babatdaky iş ministrliginiň arasyndaky Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň Söwda, senagat, senetçilik we agrar edaralary birleşiginiň arasyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň we «ENI S.p.A.» kompaniýasynyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar. Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň 2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistana iş sapary işjeň hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Saparyň jemleri boýunça Italiýanyň «ENI» kompaniýasy bilen uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak baradaky resminamalara gol çekildi. 2014-nji ýylyň oktýabrynda açylan «Berzeňňi» mineral bejeriji suwuny öndürýän kärhanada «Korfil» italýan kompaniýasynyň tehnologiýasy ornaşdyryldy. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana Italiýanyň «Housing», «Kansan», «Uslupak», «Fungilab» kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanada hem italýan tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bereket şäherindäki ýod önümçiligi kärhanasynda Italiýanyň Aqualine 1 «Housing» kompaniýasynyň osmos enjamy oturdyldy. Garabogaz şäherinde gurulýan karbamid önümçiliginde ornaşdyrylar.
    Ýangyç-energetika, söwda, dokma, azyk senagaty, öňdebaryjy tehnologiýa pudaklary iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hasaplanýar. Italiýanyň «Eni» nebit-gaz kompaniýasy türkmen uglewodorod serişdelerini işläp bejermäge gatnaşmaga isleg bildirýär.
    2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Aşgabatda birinji türkmen-italýan biznes–forumy geçirildi. Italiýanyň «Pietro Fiorentini» kompaniýasy 2009-njy ýyldan başlap «Türkmengaz» döwlet konserni bilen uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça öz önümlerini ibermek bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ol tebigy gazyň çykarylyşyny sazlamak, ölçemek we arassalamak boýunça ulgamlary öndürýär.
    Iki döwletiň gatnaşyklary medeni-gumanitar ulgamda hem işjeň dowam etdirilýär. 2006-njy ýylda türkmen alymlary Italiýada, Watikanda bolup, türkmen halkynyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly golýazmalaryň ençemesiniň nusgasyny ata Watanymyza getirdiler. Italiýanyň Turin uniwersitetiniň professorlary Antonio Inwernissi, Karlo Lippolis Nusaýda ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda arheologiýa gazuwlaryny geçirýärler. Ligabuýe uniwersitetiniň professory Gabriell Rossi Osmida Mary welaýatynyň Ajyguýy oazisinden türkmen alabaýynyň sulbasyny tapdy. Agzalan uniwersitetiň alymlary Goňurdepede 10 ýylyň dowamynda geçiren barlaglarynyň netijesi barada 2003-nji ýylda «Margiana Goňurdepe gonamçylygy» atly kitaby giň okyjylar köpçüligine ýetirdi.
    Atçylyk iki ýurduň hyzmatdaşlygynda üns berilýän ugurlaryň biridir. Italiýanyň «Saddletrip» kompaniýasy «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VI halkara ylmy maslahatyna we ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkasyna işjeň gatnaşdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk sungatynyň festiwalynda ajaýyp ýeňiş gazandy.
    Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Matarella bilen 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Mähriban Arkadagymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi. Şeýle hem türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişi iş toparyny döretmek hem-de her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň Ykdysadyýetiniň günini geçirmek teklip edildi. Şeýle-de söhbetdeşlikde birnäçe taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamalaryň hataryna Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanalary, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar hem bardyr.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Italiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýär. Esasan hem, Türkmenistan häzirki wagtda Italiýanyň “ENI” hem-de “Leonarda” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň
    mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI